24-nji mart­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow öň­de bol­jak Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň saý­law­la­ryn­da GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­wi ka­bul et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, 26-njy mart­da ge­çi­ril­jek mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry­nyň, ýer­li hä­ki­mi­ýet we öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­tan­da bu wa­jyp çä­rä­niň açyk­lyk, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da, mil­li ka­nun­çy­ly­ga hem-de hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň ady­na we GDA-nyň Baş sek­re­ta­ry­na saý­law­la­ra syn et­mä­ge gat­naş­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry­nyň işi ba­ra­da ha­bar ber­di hem-de ýurt­da hal­ka­ra syn­çy­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, saý­law möw­sü­mi türk­me­nis­tan­ly­la­ryň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de geç­ýär. Mu­nuň özi saý­law­la­ryň açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da gu­ral­ýan­dy­gy­na, ýur­duň giň de­mok­ra­tik öz­gert­me­ler ýo­lu­na yg­rar­ly­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, saý­law­la­ryň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de GDA-nyň Baş sek­re­ta­ry Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar hem-de däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler. Şun­da ýur­du­my­zyň GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy hök­mün­de onuň ge­çir­ýän çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy, hä­zir­ki za­man se­bit hem-de äh­lu­mu­my me­se­le­le­rin­de Ar­ka­la­şy­gyň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na özü­niň sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Ar­ka­la­şy­gyň äh­li ýurt­la­ry bi­len däp bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni we ony mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni bel­läp, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­li ut­gaş­dyr­ýan­dy­gy üçin GDA-nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­we min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de myh­man bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň bi­le­lik­dä­ki işiň top­la­nan köp­ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.