Şu gün, 25-nji ýan­war­da Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça Mer­ke­zi to­pa­ry­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Aman­gel­di Gan­dy­mo­wyň da­şa­ry ýurt­la­ryň ýur­du­myz­da­ky köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Du­şu­şyk­da ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, saý­law­lar bo­ýun­ça öňün­den ses ber­mek işi 2023-nji ýy­lyň 16-njy mar­tyn­da ýo­la go­ýul­dy.
A.Gan­dy­mow Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da, şu saý­law­lar bo­ýun­ça ýur­du­myz­da je­mi 7 müň 222 saý­law ok­rug­la­ry­nyň, şeý­le hem saý­law uças­tok­la­ry­nyň 2 müň 644 sa­ny­sy­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň tek­lip­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýa­nyn­da saý­law uças­tok­la­ry­nyň 42-si­niň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, bu saý­law­la­ra mil­li syn­çy­lar bi­len bir ha­tar­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň – Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­dan, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­syn­dan, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan we Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan hal­ka­ra syn­çy­lar gat­naş­ýar. Şeý­le hem Da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri bu saý­law­la­ryň ge­çi­ri­li­şi­ne syn et­mä­ge gat­naş­ýar­lar.
Saý­law­la­ra 18 ýa­şy­ny dol­du­ran – il­kin­ji ge­zek ses ber­mä­ge hu­kuk ga­za­nan 75 müň 600-den gow­ra­gy ha­sa­ba alyn­dy.
Saý­law­lar gü­nü­ne çen­li öňün­den ses ber­mek 25-nji mart­da sa­gat 18:00-da ta­mam­la­nar.
Saý­law­lar gü­ni ýur­du­myz bo­ýun­ça je­mi 240 sa­ny saý­law uças­to­gyn­da on­laýn ter­ti­bin­de saý­law­la­ryň ge­çi­şi­ni Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň “say­lav.gov.tm” at­ly web saý­ty ar­ka­ly syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. On­laýn ka­me­ra­lar 7:00-dan 19:00-a çen­li iş­lär.
Ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, 2023-nji ýy­lyň 24-nji mar­ty ýag­da­ýy­na gö­rä, Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça ha­sa­ba al­nan umu­my saý­law­çy­la­ryň 4 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy öňün­den ses ber­mä­ge gat­naş­dy.