Braziliýanyň öňki Prezidenti Dilma Russeff, BRIKS ýurtlary tarapyndan döredilen Täze Ösüş bankynyň (NDB) prezidenti boldy.
Bankyň web sahypasynda mälim edilen habarda Dilma Russeffiň 24-nji martda bankyň täze başlygy hökmünde biragyzdan saýlanandygy tassyklanýar. Russef şol gün Braziliýanyň wekili Markus Troihanyň ornuna NDB-iň başlygy wezipesine girişdi. Dilma Russeff 2025-nji ýylda bankyň ýolbaşçylygyndaky Braziliýanyň häzirki mandaty gutarýança prezident bolar.
Golaýda bankyň metbugat gullugy 2020-nji ýyldan bäri NDB-iň başlygy bolup işleýän Markus Troihonyň wezipesini möhletinden öň bes etjekdigini habar berdi. Dolandyryjylar geňeşiniň 2025-nji ýylyň iýulyna çenli hereket edýän häzirki gezekme-gezek mandaty boýunça Braziliýa tarapyndan hödürlenjek NDB-iň täze başlygyny saýlamalydygy görkezildi.