Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Jeýms Klewerli we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Sefkowiç Londonda Demirgazyk Irlandiýa boýunça täze söwda şertnamasyna gol çekdi. Bu barada Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunagyň diwany tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Bu ýerde gürrüň fewral aýynyň ahyrynda London bilen Brýussel tarapyndan ylalaşylan Windsor konsepsiýasy barada barýar. Ol Irlandiýa ugradylýan önümlerden başga, Birleşen Korollygyň beýleki ýerlerinden Olster şäherine haryt daşalmagyny aňsatlaşdyrýar. Mundan başga-da, bu şertnama britan hökümetiniň Demirgazyk Irlandiýada Ýewropa kanunçylygynyň täze düzgünlerini ulanmagyna weto goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle karar iki partiýa wekilçilik edýän Assambleýanyň (sebit parlamenti) 90 wekiliniň azyndan 30-sy tarapyndan kabul edilen halatynda tassyklanýar.

Klewerli taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň “professional derejede we dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda” geçirilendigini aýtdy. “Biziň gazananlarymyz ÝB-niň ýeke-täk bazaryny, Beýik Britaniýanyň içerki bazaryny we iň esasysy Belfast şertnamasynyň elementlerini goraýar” diýip, ol belledi. Şefkowiç hem öz gezeginde: “Windыor konsepsiýasy özara arkalaşygyň we umumy pikiriň netijesidir” – diýdi.

Bu şertnama 22-nji martda britan parlamentiniň obşinalar palatasy tarapyndan sesleriň köpüsi bilen tassyklandy.