Häzirki wagtda meşhur “Jeýms Webb” kosmos teleskopy älemiň syrlaryny açmagy dowam etdirýärkä, NASA başga bir “Nensi Greýs Roman” kosmos teleskopyny uçurmaga taýynlanýar. Täze teleskopyň 2027-nji ýyldan gijä galman uçurylmagy meýilleşdirilýär. Onuň döredijileri “Nensi Greýs Roman” NASA-nyň ozal ugradylan missiýalaryndan has köp maglumat ýygnajakdygyna we millionlarça galaktikany surata alyp biljekdigine ynanýarlar.
NASA-nyň taslamasyna Ýewropa kosmos agentligi (ÝKA) hem gatnaşýar: ol missiýa wagtynda ýygnaljak täsin maglumatlardan peýdalanmak maksady bilen öz tehnologiýalaryny hödürleýär. EKA-nyň maglumatlaryna görä, “Jeýms Webb” we ondan öňki “Hubble” teleskoplarynyň görüş gerimleri pes bolmasa-da “Nensi Grace Roman” has uly görüş ukybyna eýe bolar. Ýewropa kosmos agentliginiň ylmy amallary ösdürmek boýunça müdiri Marko Sirianniniň pikiriçe, täze teleskop has uzakdaky galaktikalary hem surata düşürip biler.
Älemiň panoramik görnüşi bilen NASA we onuň hyzmatdaşlary dünýäniň astrofiziklerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapmaga we Albert Eýnşteýniň umumy otnositellik teoriýasynyň esasy ýörelgelerini barlamaga umyt baglaýarlar. “Nensi Greýs Roman”-yň ýene bir maksady, biziň galaktikamyzyň çäklerinden täze ekzoplanetleri gözleginde bolup, şeýle ekzoplanetlere eýe bolan ýyldyzlaryň sanawyny düzmekden ybaratdyr.
Ýewropa kosmos agentligi indiki teleskop missiýasy üçin “ýyldyz yzarlaýjylar” – ýyldyzlary “yzarlamak” bilen birlikde kosmos gämisiniň ýagdaýyny yzygiderli kesgitleýän kiçi teleskoplar, şeýle hem gämini we beýleki enjamlary iýmitlendirmek üçin batareýalar bilen üpjün eder. Soňlugy bilen “Nensi Greýs Roman” milliardlarça galaktika barada maglumat ýygnar we alymlara Älemiň üç ölçegli modelini döretmäge kömek eder diýip NASA-da garaşýarlar.