Stambul bilen Londonyň aralygynda ýola goýuljak awtobus gatnawyndan peýdalanjak ýolagçylar 12 müň kilometrden gowrak ýol geçerler. Syýahatyň dowamynda jemi 22 ýurduň çäginden geçiler. Hindistanyň “Adventures Overland” kompaniýasy tarapyndan guraljak syýahat häzirki wagtda Peruwyň “Ormeno” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan 6 müň 200 kilometrlik rekordy täzelär. “Adventures Overland”-iň eýeleri Sanjaý Madan we Tuşar Agarwal bu syýahaty 2020-nji ýylda ýola goýmagy meýilleşdiripdirler. Emma pandemiýa sebäpli yza süýşürilmeli bolupdyr. 2012-nji ýylda döredilen kompaniýanyň ýolbaşçylary bu syýahaty ýola goýanlarynda 1950-nji ýyllardan 1970-nji ýyllara çenli aralykda Ýewropada Stambulyň üsti bilen Aziýa ýurtlaryna çenli uzaýan we ýaşlaryň arasynda meşhurlyk gazanan “Hippi ýolundan” ylham alypdyrlar. “Hippi ýoly” syýahaty birnäçe hepde, hatda birnäçe aý dowam edýän eken. Bu syýahat “Road to London” diýlip atlandyrylan bolsa, täze syýahat “Bus to London” diýlip atlandyrylýar. Ilkinji syýahatyň şu ýylyň awgustynda başlanmagyna garaşylýar.
2019-njy ýylda “Road to London”-yň ýolagçylary Hindistandan ýola düşüp, Günorta-gündogar Aziýadan geçip, Hytaý, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa çenli bardylar. Jemi 16 müň kilometrlik syýahat 50 gün dowam edip, sekiz wagt guşaklygyndan geçipdir.
Stambuldan başlanjak täze awtobus syýahaty bolsa Balkan ýurtlarynyň üsti bilen Gündogar Ýewropa, Baltika ýurtlary we Skandinawiýadan geçer.
Ýolagçylar Sofiýa (Bolgariýa), Belgrad (Serbiýa), Zagreb (Horwatiýa), Lýublýana (Sloweniýa), Budapeşt (Wengriýa), Bratislawa (Slowakýa), Praga (Çeh Respublikasy) we Warşawa (Polşa) ýaly şäherlerden geçer.
Soňra bolsa awtobusyň ugry Orta Ýewropanyň paýtagtlaryndan geçip, Litwa, Latwiýa we Estoniýa tarap ýöneler. Baltika ýurtlaryndan soňra Finlýandiýa aýlagyndan geçip, Aýazbabanyň obasyna we Ýewropada gara ýoly arkaly baryp bolýan iň demirgazyk nokat bolan Nordkapa barar.
Norwegiýadan günorta tarap ugur aljak awtobusyň ýolagçylary Tromsýo, Bergen we Oslo şäherlerinde durup, Atlantik umman ýoly bilen hereket eder. Bu ugurda ýolagçylar demirgazyk yşyklaryny görmäge mümkinçilik alarlar.
Awtobusyň ýolagçylary Şwesiýanyň Stokgolm we Daniýanyň Kopengagen şäherlerinde düşländen soňra, bir hepdäniň dowamynda Germaniýa, Niderlandlar we Fransiýa döwletlerinden geçip, Angliýanyň London şäherine bararlar.
Ýolagçylaryň rahatlygy üçin awtobusdaky oturgyçlaryň arasy giň ýerleşdirilipdir. Awtobusyň koridory giň bolup, bir tarapynda iki, beýleki tarapynda bir hatar oturgyç ýerleşdirilipdir. Her ýolagçy üçin aýratyn multimediýa güýmenje ulgamny göz öňünde tutulypdyr.
28 günlük syýahatda ýolagçylar 12 müň 265 kilometr ýol geçerler.
Bu täsin syýahat üçin her bilet 22 müň 420 ýewrodan satylar. Bu töleg wiza üçin çykdajylary, myhmanhana tölegini, ertirligi, günortanlyk we agşamlyk naharyny öz içine alýar. Her barlan ýerde iňlis dilli ýerli ýolbelet şol ýer barada maglumat berýär. Şeýle hem düşlenen ýerlerde pyýada gezelençler hem guralar.
Syýahatyň başlanýan we tamamlanýan ýerine çenli uçar biletlerini kompaniýa öz üstüne almaýar.