Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da 2030-njy ýy­la çen­li döw­rüň ýurt­da ça­ga dog­lu­şy­nyň pe­se gaç­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin iň ahyr­ky müm­kin­çi­lik­di­gi­ni bel­le­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, eger bu me­se­le tiz çö­zül­me­se, ol uzak wagt­lyk yk­dy­sa­dy gel­je­ge ýa­ra­maz tä­sir eder. Bu ba­ra­da “Bloom­berg” ne­şi­ri ha­bar ber­di.
Ki­si­da ça­ga dog­lu­şy­ny hö­wes­len­dir­mek üçin tä­ze hö­kü­met çä­re­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy­nyň bar­şyn­da ça­ga kö­mek pul­la­ry­ny art­dyr­ma­gyň, ça­ga se­red­ýän ýaş maş­ga­la­la­ryň jaý üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­gyň, bi­li­me goý­be­ril­ýän çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­gyň we ýaş hü­när­men­le­riň aý­lyk hak­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Hö­kü­met baş­ly­gy­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, döw­let öz içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni hök­mün­de “Il­kin­ji no­bat­da ça­ga­lar” di­ýen ýö­rel­gä­ni saý­lap al­dy.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ge­çen ýyl Ýa­po­ni­ýa­da iň az ça­ga dog­lu­şy ha­sa­ba alyn­dy, 125 mil­li­on ilat­ly ýurt­da 800 müň­den hem az ça­ga dün­ýä in­di. Bu syn­la­ma­la­ryň bü­tin ta­ry­hyn­da iň pes gör­ke­zi­ji­dir. Soň­ky 40 ýyl­da bol­sa ça­ga dog­lu­şy iki es­se azal­dy.
Bu ýag­daý Ýa­po­ni­ýa­da ýa­kyn wagt­da iş­çi güý­jü­niň ýet­mez­çi­lik et­jek­di­gi­ni we yk­dy­sa­dy­ýe­ti gol­da­mak üçin sal­gyt tö­leý­ji­le­riň ke­mel­jek­di­gi­ni aň­lad­ýar. Ga­ly­ber­se-de, ila­tyň ag­ram­ly bö­le­gi­niň gar­ta­şan ra­ýat­la­ra ideg et­me­gi­niň gym­mat­la­ma­gy mil­li gaz­na tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bi­ler diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.