Gy­şyk du­ran­dy­gy se­bäp­li her ýyl­da mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýän Ita­li­ýa­da­ky Pi­sa di­ňi­niň di­kel­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Bi­na­da­ky üýt­geş­mä­ni yzy­gi­der­li öw­ren­ýän syn­çy to­par be­ýik­li­gi 57 met­re ýet­ýän di­ňiň soň­ky 20 ýyl­da 4 san­ti­metr dü­ze­len­di­gi­ni bel­le­ýär. Pi­sa di­ňi­ne 1990-njy ýyl­da ýy­kyl­ma­gy­nyň äh­ti­mal­dy­gy se­bäp­li 800 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek gir­mek ga­da­gan edi­lip­di. Şol wagt Pi­sa­nyň gy­şyk­ly­gy 4,5 met­re ba­ra­bar­dy.
Pol­şa­ly hü­när­men Mi­şel Ýam­ýol­kows­ki­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par 1993-nji ýyl­dan 2001-nji ýy­la çen­li di­ňi berk­leş­dir­mä­ge sy­na­nyş­dy. Ne­ti­je­de diň 260 mil­li­on dol­lar sarp edi­lip, 45 san­ti­metr di­kel­dil­di.
Pro­fes­sor Sal­wa­tor Set­tis Bi­na­nyň öm­rü­niň 200 ýyl uzan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
1173-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan yma­rat 5 ýyl­dan soň­ra gy­şa­ryp baş­la­ýar. Bi­na­nyň gy­şar­ma­gy­nyň se­bä­bi­niň onuň aşa­gyn­da­ky top­rak gat­la­gy­nyň bir ta­ra­py­nyň çä­ge, beý­le­ki ta­ra­py­nyň to­ýun bol­ma­gy bi­len bag­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär.
In­že­ner­ler di­ňi ýy­kyl­mak­dan ha­las eden­dik­le­ri­ne be­gen­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa, bi­na do­ly di­kel­me­di. Şol se­bäp­li ja­han­keş­de­ler su­ra­ta düş­mek üçin ol ýe­re bar­mak­la­ry­ny do­wam et­dir­ýär­ler.