Şot­lan­di­ýa­nyň se­bit­le­ýin hö­kü­met baş­ly­gy hem-de Şot­lan­di­ýa­nyň mil­li par­ti­ýa­sy­nyň (SNP) baş­ly­gy Ni­ko­la Ster­je­niň hö­kü­met baş­ly­gy we par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­le­rin­den çe­kil­me­gin­den soň­ra bu we­zi­pe­ler üçin ge­çi­ri­len bäs­deş­lik­de Ham­za Ýu­suf ýe­ňiş ga­zan­dy. Ster­jen iş­den çe­ki­len­den soň­ra Şot­lan­di­ýa­nyň ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Keýt For­bes, Sag­lyk we sos­ýal hyz­mat­lar mi­nist­ri Ham­za Ýu­suf we ozal­ky Sos­ýal howp­suz­lyk mi­nist­ri Äş Re­gan SNP-niň no­bat­da­ky ýol­baş­çy­sy hem-de Şot­lan­di­ýa­nyň se­bit­le­ýin hö­kü­met baş­ly­gy bol­mak üçin ge­çi­ri­len bäs­deş­lik ta­mam­lan­dy.
SNP-niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan 13-nji mart­da baş­lan we 14 gün do­wam eden ses ber­li­şik­den soň­ra Yu­suf 26 müň 32 ses alyp, par­ti­ýa­nyň tä­ze ýol­baş­çy­sy bol­dy.
Glaz­go şä­he­rin­de dün­ýä inen as­ly pa­kis­tan­ly, 37 ýaş­ly Ham­za Ýu­su­fyň şu gün (28-nji mart) Şot­land aw­to­nom par­la­men­ti Ho­li­rud köş­gün­de ge­çi­ril­jek ses ber­li­şik­de Şot­lan­di­ýa­nyň se­bit­le­ýin hö­kü­met baş­ly­gy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Iş­den çe­ki­len Ster­jen Şot­lan­di­ýa­nyň il­kin­ji ze­nan hö­kü­met baş­ly­gy bo­lup­dy. Ol bu we­zi­pä­ni 9 ýyl ýe­ri­ne ýe­tir­di.