Türkmen teatr we kino sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti, meşhur halypa aktýor Muhammet Bekiýew 72 ýaşynda aradan çykdy.
Muhammet Bekiýewi kino muşdaklarymyz megerem kino režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Söýünhanowyň, kinooperator Bäşim Atahanow bilen surata düşüren meşhur “Küştçi” atly çeper filmindäki, filmiň baş gahrymany Ballagyň daýysy generalyň keşbi arkaly tanaýan bolsalar gerek. Ýegeni Ballaga Ýumşak gyzy alyp bermek üçin elinde baryny edýän generalyň (Muhammet Bekiýew) keşbi seni biparh goýup bilmeýär. Şu keşp hem aktýora şöhrat getirýär. Aktýory tomaşaçylar köpçüligine mälim eden keşpleriň ýene biri ol hem bolsa “Däli Domrul” spektaklyndaky eşekli ýolagçynyň hem-de Ezraýylyň keşbidir. Eşegi bilen köprüden geçjek bolanyndaky onuň başyndan geçirýän hupbatlaryny tomaşaça täsirli ýetirmegi köpleriň aňynda galypdy.
Muhammet Bekiýew 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherçesinde gullukçynyň maşgalasynda eneden dogulýar. Başlangyç mekdepde esasy edebiýat hem taryh sapaklaryna ýykgyn edýär. Muhammet entek orta mekdebiň 10-njy klasynda okap ýörkä oňa Baýramalynyň Medeniýet öýüniň halk teatrynda sahnalaşdyrylan dramaturg Ata Gowşudowyň ”Juma” atly spektaklynda Barysowyň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Muhammet özüne ynanylan bu keşbiň aňryýanyndan hötdesinden gelip tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Şol keşp hem Muhammetde teatr aktýory bolmak höwesini oýarýar. Şeýlelikde Muhammet geljekde ökde artist bolup ýetişmegi maksat edinýär. Şol günleriň birinde Aşgabada Moskwanyň M.S. Şepkin adyndaky ýokary teatral uçilişesiniň professor mugallymlary gelip (1968-nji ýyl) türkmen ýigitlerinden we gyzlaryndan okuwa höweseklerini saýlap alýarmyş diýen habar Muhammediňem gulagyna ilýär we şol wagt ol Aşgabat sary rowana bolýar. Döwlet synaglaryndan kanagatlanarly bahalar bilen geçen soň Muhammet uçilişşäniň drama we kino aktýorynyň talyby bolup galyberýär. Ýokary okuw mekdepde Muhammet dagynyň toparyny Wladimir Konstantinowiç Simrnow, Wladimir Bogratewiç Monahow, Sergeý Wasilewiç Harçenko ýaly ussat mugallymlar okadýarlar. Muhammet Bekiýewiň topary diplom işi üçin üç sany spektakl sahnalaşdyrýarlar. Ýagny J.B. Molýeriň “Jenap de Pursanýan”-da dermanhanaçynyň keşbi “W.Wişnewiskiniň” “Optimistiki tragediýa” atly spektaklynda Boçmanyň keşbi şeýle-de N.Ostrowskininiň “Tupan” spektaklynda Tihanyň keşplerini Muhammet ynandyryjy edip ýerine ýetirýär. Ýokary mekdebi tamamlan soň bolsa Muhammet ilkinji gezek N.Rejpowyň “Gedaý bagşy” atly spektaklynda Paýradan bagşyň keşbini janlandyrýar. Muhammet ýokary okuwy tamamlap gelip ilki öňki A.Gulmämmedow adyndaky “Ýaş tomamaçylar teatrynda häzirki Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň” ýaş aktýory hökmünde işe başlaýar. Ol ýerde ol ençeme spektakllarda çykyş edip, teoriýada alan bilimini praktikada özleşdirip başlaýar. Ol spektakllardan “Oguz han”-da baş keşp Oguzhanyň, “Däli domrul” Ezraýylyň hem eşekli adamyň, “Sen söýseň meni”-de Anna Tartaryň, “Seljuk söýgüsinde” Soltan Sanjaryň “Aman daýy spektaklynda möjegiň”, “Doktor Aýbalitde” Aýbalidiň, “Gedaý bagşyda” bagşyň, “Täze maşgalada” Orazyň kakasynyň, “Aýal arwah” spektaklynda Hajy nagmanyň keşbini we başga-da ululy-kiçili birnäçe keşpleri ýerine ýetirýär. Muhammet ýaş tomaşaçylar teatrynda işländen soň ençeme ýerlerde zähmet çekmeli bolýar. Ol Baýramaly şäheriniň halk teatrynda oýun goýujy režissýor, Mary welaýatynyň 50 ýyllyk daýhan birleşiginiň medeniýet öýünde, režissýor. Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň medeniýet bölüminiň müdiri, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” sowhozynyň direktorynyň orunbasary Türkmenistanda ilkinji gezek açylan “Jan” atly eksperimental ýaşlar teatrynda, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda artist wezipelerinde işlemek bilen diňe halkyň minnetdarlygyny gazanmagy başarýar. Şol wezipelerde işländen soň ykbal Muhammedi ýene-de Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatryna alyp gelýär. Bu ýerde Muhammet ýaşlaryň halypasy hökmünde ençeme şägirtlere halypaçylyk hem edýär. 2008-nji ýylda Muhammet Bekiýew Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş darama teatrynda döredijilik ýoluny dowam etmek bilen bu teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň hem birnäçesinde baş keşpleri ýerine ýetirip, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Olardan Şekspiriň “Romeo we Juletta” spektaklynda, Lorensio, “Ýusup Züleýha” spektaklynda patyşa, dramaturg N.Rejepowyň, Sahawat derýasy spektaklynda Atdan aganyň keşbini (Täsin söýgi) de geňeşçiniň keşbini we “Döwlet guşy” atly spektakldaky mody başlygyň keşbini görkezmek bolar.
Garaşsyzlygymyzyň 23-ýyllyk ýubileý toýuna sowgat edip sahnalaşdyrylan “Döwlet guşy” atly spektaklynda oba arçynynyň keşbini ýerine ýetirdi. Muhammet Bekiýew esasy işiniň daşyndan Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklap gelýär. Häzirki güne çenli onuň Türkmen milli kinofilmlerinde döreden keşpleriniň sany otuzdan-da geçýär. Muhammet Bekiýewi sungaty söýüjilere äşgär eden keşpler “küştçi” atly çeper filmindäki generalyň ýagny filmiň baş gahrymany Ballagyň daýysy, şeýle-de “Keremli söz” atly çeper filmdäki gülküli žanrdaky keşbi bolupdy. Ol filmlerden esasylaryny ýagny ir döwür surata düşürilen “Zäherlenen söýgi” atly iki seriýadan ybarat bolan filmi, “Arşyň pynhan hikmeti”, “Bedew”, “Ajaýyp”, “Ömür kerweni” atly filmlerdäki we beýleki filmlerini göreniňde, tüýs teatr hem kino sungaty üçin ýaradylan ynsanlygyna göz ýetirmek bolýar. Muhammet aganyň surata düşen kinofilmleriniň hemmesini bir makalada agzap geçmek mümkin däl. Ol diňe bir kinofilmlerde keşp döretmek bilen çäklenmän eýsem Türkmen telewideniýesiniň terjime bölüminde 400-den gowrak filmlere ses beripdi. Ol diňe bir çeper filmlere ses bermek bilen çäklenmän eýsem çagalara niýetlenen multfilmlerde haýwanlara ses bermäni hem ussatlarça başarýar. Mawy ekranlarda görkezilýän Multifikasion filmleriň hemmesinde diýen ýaly Muhammet aganyň sesini eşitmek bolýar. Onuň beýleki artistlerden aýratynlygy ol hem bolsa onuň sesiniň, ses baýlygynyň güýçlüliginde, diliniň arassalygynda we döredýän hem ses berýän keşbiniň üsti bilen aýdýan sözlerini tomaşaça anyk we jüňk ýetirip bilmegindedir. Bu bolsa aktýoryň dil medeniýetiniň baýlygynyň alamatydyr. Söýgüli artist taplanan zehin Muhammet Bekiýewiň çeken halal zähmetini ýiti zehinini, ukyp başarnygyny göz öňünde tutup şeýle hem türkmen teatr we kino sungatyna goşan goşandy üçin oňa 1993-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy berilýär. Şonuň ýaly hem ussat aktýor ,sahna ussady, ajaýyp ynsan 1996-njy ýylda “Gaýrat medaly” 2001-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at, 2005-nji ýylda Galkynyş ordeni, şeýle hem 2011-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ХХ-ýyllygyna atly Ýubileý medaly bilen sylaglanýar.
Ussat aktýoryň imany hemra, jaýy jennetden bolsun!