Luk­man­lar hur­ma­nyň yzy­gi­der­li we ka­da­ly ýag­daý­da iý­len­de sag­lyk üçin peý­da­sy­nyň köp­dü­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu mi­we esa­san ora­za aýyn­da sa­çak­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Luk­man­lar ag­za­çar­da iki sa­ny hur­ma iý­me­giň gan­da­ky şe­ke­ri ka­da­laş­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hur­ma iý­len­de be­den özü­ne gel­ýär. Dü­zü­min­de sü­ýüm bo­lan­dy­gy se­bäp­li adam­da dok­luk duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Bu bol­sa, köp na­har iý­me­giň öňü­ni al­ýar. Ne­ti­je­de, hur­ma iý­len­den soň­ra az na­har iýil­ýär. Uzak wagt aç ge­zen­den soň­ra, köp na­har iý­me­giň sag­lyk üçin oňaý­syz tä­sir edip bil­jek­di­gi bol­sa hem­me­ler üçin mä­lim­dir. Hur­ma be­de­niň gü­nüň do­wa­myn­da ýi­ti­ren wi­ta­min we mi­ne­ral­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Se­lä­lik­de hur­ma iý­mek bol­sa, ada­myň uzak gün dok gez­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Hur­ma­nyň bu­lar­dan baş­ga-da sag­ly­ga peý­da­ly ta­rap­la­ry bar. De­mir ýet­mez­çi­li­gi bo­lan adam­lar üçin hem hur­ma iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Bu mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki de­mir ga­zan­ly­gyň hem öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Hur­ma em­dir­ýän ene­ler üçin hem peý­da­ly­dyr. Mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki fruk­to­za suw­sa­mak duý­gu­sy­ny dö­re­dip, has köp suw içir­ýär. Ne­ti­je­de ene süý­di art­ýar.
Dü­zü­min­de sü­ýüm bol­ma­gy iý­mit siň­di­ri­şi ka­da­laş­dyr­ýar.
Hur­ma­nyň dü­zü­mi­niň iý­mit­lik kuw­wa­ty­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy, mi­ne­ral mad­da­la­ryň we A, B1, B2, C ýa­ly wi­ta­min­le­riň bol­ma­gy gym­mat­ly azyk ha­ry­dy ha­sap­lan­ýar.