«Ros­siýs­ki­ýe že­lez­ny­ýe do­ro­gi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti Türk­me­nis­tan­da we­kil­ha­na aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da Rus­si­ýa­nyň de­mir ýol kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Baş di­rek­to­ry — mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Oleg Be­loz­ýo­row Aş­ga­bat­da sa­par­da bo­lup, gep­le­şik­ler ge­çi­rip­di.
Rus kom­pa­ni­ýa­sy­nyň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Rus­si­ýa­nyň de­mir ýol kom­pa­ni­ýa­sy Türk­me­nis­tan­da öz we­kil­ha­na­sy­ny aç­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
– Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň de­mir­ýol ulag­la­ry dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky 2023 ― 2025-nji ýyl­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­re­le­ri öz möh­le­tin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Şon­da rus kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Aş­ga­bat­da, «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň bol­sa Mosk­wa­da we­kil­ha­na­sy­ny aç­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar – diý­lip, met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Şeý­le hem, «De­mir­ga­zyk ― Gü­nor­ta» ulag ge­çel­ge­si­niň gün­do­gar ug­ry bo­ýun­ça ulag we lo­gis­ti­ka hyz­mat­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­tan­da inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek we san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak we adam re­surs­la­ry­ny ös­dür­mek­de «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» agent­li­gi bi­len bi­le­lik­de iş­le­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.