Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi mynasybetli, aýdymçy-sazandalardyr artistleri, alymlardyr muzeý işgärlerini, sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekillerini öz içine alýan türkmen wekiliýetiniň Seula sapary başlandy.
Şu gün Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçiriler. Onda beýik şahyryň döredijiligi, türkmen-koreý dostluk gatnaşyklary baradaky çykyşlara giň orun berler. Şeýle-de Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi guralar. Bu ýerde türkmen-koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti-de geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri geçirilipdi.