Braziliýanyň öňki Prezidenti Dilma Rusef, BRIKS ýurtlary tarapyndan döredilen Täze ösüş bankynyň (NDB) ýolbaşçysy boldy. Bankyň web sahypasynda mälim edilen habarda Dilma Rusefiň 24-nji martda bankyň täze başlygy hökmünde biragyzdan saýlanandygy tassyklanýar. Rusef şol gün Braziliýanyň wekili Markus Troihonyň ornuna NDB-niň başlygy wezipesine girişdi. Dilma Rusef 2025-nji ýyla çenli Braziliýanyň häzirki mandaty gutarýança bankyň ýolbaşçysy bolar.
Golaýda bankyň metbugat gullugy tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri NDB-niň başlygy bolup işleýän Markus Troihonyň eýeleýän wezipesinden möhletinden öň çekilýändigi habar berlipdi.
Şeýlelikde, dolandyryjylar geňeşi 2025-nji ýylyň iýulyna çenli hereket edýän häzirki gezekme-gezek mandat boýunça Braziliýa tarapyndan hödürlenen Dilma Rusefi NDB-iň täze başlygy wezipesine saýlady.