Tutuş dünýäde “ýaşyl” tehnologiýa ulgamynda gazanylan soňky innowasion ösüşleri özleşdirmek babatda köp işler alnyp barylýar. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy howanyň arassalanmagyna, ýer we suw çeşmeleriniň aýawly saklanmagyna getirer. Olary giňden peýdalanmagyň netijesinde, 2050-nji ýyla çenli hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň derejesi bir ýylda 25 milliard tonna azalar, şeýle hem älem giňişligine 17 million tonna howply gaty maddalaryň düşmeginiň öňi alnar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynda bellenip geçilýär.
– Biz dogry ýoldan barýarys. Dem alynýan howanyň arassa bolmagy örän uly ähmiýete eýedir. Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar howa hapa gazlaryň goýberilmeginiň we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni alýar – diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Erik Solheým gürrüň berýär.
Şeýle hem beýanatda bellenip geçilişi ýaly, täze tehnologiýalaryň saýasynda 2050-nji ýyla çenli 200 milliard kubometrden gowrak suwy tygşytlamaga hem-de 150 müň inedördül metr topragyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik bolar.