“Goldman Sachs” maliýe kompaniýasynyň ykdysatçylary “ChatGPT” we şoňa meňzeş platformalaryň emeli tehnologiýasyny işläp taýýarlamaklary bilen dünýäde 300 million adamyň işini ýerine ýetirip biljekdigini belleýärler. Emeli aň aklawçylaryň, gullukçylaryň we žurnalistleriň işlerini ýerine ýetirip biler. Şeýle hem bilermenler emeli aň tehnologiýasynyň işçi güýjüniň netijeliligini artdyryp, global ykdysadyýete goşant goşjakdygyny belleýär.
Maliýe edarasy tarapyndan taýýarlanan maglumatda dünýädäki işleriň 18 göteriminiň kompýuterleşdirilip bilinjekdigi, munuň ösen ýurtlarda has ýokary bolup biljekdigi mälim edildi.
Emeli aňyň ofis işlerinde köpräk, gurluşyk we abatlaýyş ýaly fiziki güýji talap edýän ýerlerde has az ulanyljakdygy bellenildi. Köp işiň belli bir derejä çenli awtomatlaşdyryljakdygy, käbir işleriň bolsa dolulygyny emeli aň tarapyndan ýerine ýetirilip bilinjekdigi nygtaldy.
Aýlar Atabaýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









