Emeli aň 300 million adamyň işini eder

137

“Gold­man Sachs” ma­li­ýe kom­pa­ni­ýa­sy­nyň yk­dy­sat­çy­la­ry “ChatGPT” we şo­ňa meň­zeş plat­for­ma­la­ryň eme­li teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­la­ry bi­len dün­ýä­de 300 mil­li­on ada­myň işini ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Eme­li aň ak­law­çy­la­ryň, gul­luk­çy­la­ryň we žur­na­list­le­riň iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler. Şeý­le hem bi­ler­men­ler eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň iş­çi güý­jü­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dy­ryp, glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­te go­şant goş­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Ma­li­ýe eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da dün­ýä­dä­ki iş­le­riň 18 gö­te­ri­mi­niň komp­ýu­ter­leş­di­ri­lip bi­lin­jek­di­gi, mu­nuň ösen ýurt­lar­da has ýo­ka­ry bo­lup bil­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Eme­li aňyň ofis iş­le­rin­de köp­räk, gur­lu­şyk we abat­la­ýyş ýa­ly fi­zi­ki güý­ji ta­lap ed­ýän ýer­ler­de has az ula­nyl­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Köp işiň bel­li bir de­re­jä çen­li aw­to­mat­laş­dy­ryl­jak­dy­gy, kä­bir iş­le­riň bol­sa do­lu­ly­gy­ny eme­li aň ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip bi­lin­jek­di­gi nyg­tal­dy.

Aý­lar Ata­ba­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.