29-njy martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda mejlis geçirildi. Onda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.
Saýlaw toparlarynyň teswirnamalary esasyndaky maglumatlara görä, tutuş ýurdumyz boýunça 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň 125 deputatynyň saýlanandygy; 2516 dalaşgärden, 240 welaýat we 960 etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň; 12098 dalaşgärden 5897 Geňeş agzalarynyň saýlanandygy yglan edildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we şondan köp dalaşgär dalaş etdi.
Saýlanan deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň hatarynda Demokratik partiýanyň
3 müň 320 wekili, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 304 wekili, Agrar partiýanyň 1 müň 513 wekili, raýatlar toparlarynyň 2085 wekili bar.
Mälim bolşy ýaly, 26-njy martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.
Şol gün ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlykly gelindi. Hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde, şol gün ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan 76 müňe golaý ýaş saýlawça ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.
Bu gezekki saýlawlara uly taýýarlyk işleri geçirildi. Dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary işjeňliginde geçdi. Munuň özi ýerlerde talabalaýyk guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň netijesidir.
Saýlaw çäreleriniň barşyna monitoringi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleriniň bardygyny bellemek gerek. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.
Isleg bildirýän adamlar onlaýn arkaly merkezi saýlaw toparynyň internet saýtynda saýlawlaryň geçişine syn etmäge mümkinçilik aldylar. Şu gezekki saýlawlara dünýäniň köp ýurdunda uly gyzyklanma bildirildi. Merkezi saýlaw toparynyň internet sahypasyna köpçülikleýin girilmegi munuň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-a çenli 12 müň 300-den gowrak adam ses berdi. Synçylaryň baha bermeklerine görä, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de bilim alýan ildeşlerimiz ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary raýat işjeňligini we jogapkärçiligini görkezdiler.
27-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleýji brifingleri geçirildi. Brifinglere Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň belleýşi ýaly, saýlawlar köppartiýalylyk şertlerinde we ählumumy, deň, göni, gizlin, erkin saýlaw hukugy hem-de bäsleşik esasynda geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň taryhynda köpsanly dalaşgärleriň hödürlenendigi we saýlawlaryň bir günde geçirilendigi bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň welaýat, etrap şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary kanunalaýyklykda geçirildi diýlip hasap edildi.
Saýlawlara halkara synçylaryň köp sanlysy gatnaşdy. Olar jemleýji brifinglerde Türkmenistanyň saýlawlarynyň giň demokratik we bäsleşikli esasda geçirilendigini aýratyn belläp, saýlawlaryň geçirilişine ýokary baha berdiler. Saýlawlarda üstünlik gazanan ildeşlerimize döwletimize we halkymyza yhlasly hyzmat etmekde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Dünýägözel BALLYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.