2023-nji ýy­lyň 29-njy mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Il­çi­si Ý.Mäm­me­dow Öz­be­gis­ta­nyň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa Agent­li­gi­niň di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Ri­za­ýew bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Du­şu­şyk­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi my­na­sy­bet­li bi­le­lik­de do­ku­men­tal we çe­per film­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Du­şu­şyk­da ta­rap­lar ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ul­ga­myn­da türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da öza­ra pi­kir alyş­dy­lar we 2023-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Türk­me­nis­tan­da Öz­be­gis­ta­nyň ki­no gün­le­ri­ni ge­çir­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Öz­bek ta­ra­py ag­za­lan çä­rä­niň ge­çi­ril­me­gi­ni do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, onuň Aş­ga­bat şä­he­rin­de we türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka we­la­ýat­la­ryň mer­kez­le­rin­de öz­bek ki­ne­ma­tog­raf­la­ryň we meş­hur ar­tist­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­dil­se mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Şeý­le hem, du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da öz­bek ta­ra­py 2023-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da XV Daş­kent ki­no­fes­ti­wa­ly­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi hem-de türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ça­gy­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da bel­läp, fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ki­no gün­le­ri­ni ge­çir­me­giň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di.
Şeý­le-de, 2024-nji ýyl­da be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­niň bel­len­ýän­di­gi­ni na­za­ra tu­tup, bu be­ýik şah­sy­ýe­tiň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, Hy­wa­da we Bu­ha­ra­da okan hem-de ýa­şan dö­wür­le­ri ba­ra­da bi­le­lik­de do­ku­men­tal we çe­per film­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Mun­dan baş­ga-da, türk­men ta­ra­py Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şyk aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­rip, ýa­kyn wagt­lar­da bu şä­he­riň açy­ly­şy­ny uly da­ba­ra bi­len ge­çir­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ba­ra­da ha­bar ber­di hem-de öz­bek ta­ra­py­ny bu da­ba­ra­ly çä­rä gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Bu ba­ra­da mfa.gov.tm ha­bar ber­ýär.