Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi.
Hemmämiziň bilişimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şäheriň düýbi tutuldy.
Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde – Köpetdagyň eteginde bina edilýän Arkadag şäheri – Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Şäheriň guruljak ýeri saýlanylanda, tebigy landşaft, daşky gurşaw ýaly şertler göz öňünde tutuldy. Adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňyn şertleriň döredilmegi, innowasion, interaktiw tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bu şäheriň tapawutly aýratynlygydyr. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň desgalarynyň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär. «Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda gurlan binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasynyň Diýarymyzyň durmuşynda şanly waka öwrülmegi üçin düzümine meşhur režissýorlar, kompozitorlar, suratkeşler, döredijilik toparlary girizilen iş topary döredildi we açylyş dabarasynyň konsepsiýasynyň taslamasy we dabarany geçirmegiň Tertibiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Şeýle hem «Arkadag şäherinde täze etraplary döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde täze Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi. Mundan başga-da, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ajaýyp şäher döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bilen berkidildi.
Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Bu mejlisde Arkadag şäherinde degişli gulluklara we bölümlere ýolbaşçylary bellemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler. Şäheriň ähli edara-kärhanalaryna ýolbaşçylar bellenildi.
Wezipä bellenen ýolbaşçylaryň köpüsiniň ýaşlardygyny bellemek gerek. Olar hemmetaraplaýyn bilimli we sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýarlar. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Täze şäheriň gurluşygynda hem ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna üns berilýär. Şeýlelikde, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina bolýan täze şäher, sözüň doly manysynda, ýaşlaryň şäherine öwrülýär.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Jahan BAGTYÝAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.