Hytaýyň “vivo” kompaniýasy “X Fold 2” atly eplenýän telefonyny çykarar. Kompaniýanyň orunbasary Huan Tao täze telefonyň “2023 Boao Forumynda” tanyşdyryljakdygyny mälim etdi. Şeýlelikde hytaý brendiniň eplenýän telefony geljek aýyň ilkinji günlerinde dükan tekjelerinde peýda bolar.
“vivo” soňky ýyllarda smartfon bazarynda uly orun alan eplenýän telefonlara ilkinjileriň hatarynda maýa goýupdy. Kompaniýa geçen ýylyň maý aýynda hem eplenýän mobil enjamyny satuwa çykarypdy.
“vivo X Fold 2” smartfon “Snapdragon 8 Gen 2” mikroprosessory bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem 12 GB-lyk LPDDR5X RAM göz öňünde tutulypdyr. Telefonyň içki ýady bolsa, 512 GB.
“X Fold 2”-de güýji 4800 mA/sagada ýetýän batareýa oturdylypdyr. Bu bolsa batareýa babatda täze telefonyň “X Fold”-dan hem-de “X Fold+”dan has güýçlüdigini aňladýar.
Telefonyň yz tarapynda üç sensorly yzky kameranyň esasysynyň mundan ozal “vivo X90” we “iQOO 11 Pro” smartfonlarynda ulanylan 50 megapiksel durulykly “Sony IMX866” boljakdygy mälim edildi.
Begenç Döwletow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.