30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy.
Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi bolup geçdi.
31-nji martda bu medeni çäre Koreýanyň Yýjongbu şäherinde tamamlandy.Şinhan uniwersitetinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdiýew we Şinhan uniwersitetiniň rektory Kang Song Jong Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi ýapylyş dabarasynda çykyş etdiler. Şeýle hem hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradalyýew, Kolorado uniwersitetiniň rektorynyň orunbasary Emili Çan, Amerikan Taekwon-Do birleşiginiň başlygy we beýlekiler gatnaşdylar.
Soňra Türkmenistanyň we Koreýanyň halk we at gazanan sungat işgärleriniň bilelikdäki konserti boldy.
Çäreler maksatnamasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän “Istärin” atly çeper filminiň görkezilişi hem boldy. Mundan başga-da, çärelere gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň sergisinde görkezilen ekspozisiýalara aýratyn gyzyklanma bilen üns berdiler.