(Erteki)

Ga­dym za­man­lar­da dur­na­la­ryň uly to­pa­ry bir kö­lüň ke­na­ryn­da mes­gen tu­tup, üý­şüp peý­wag­ty­na ýa­şap­dyr­lar. Bo­le­lin­lik­de ýa­şa­ýan bu dur­na­la­ryň ala­da ede­re za­dy bol­man­dyr. Aý-gün­ler ge­çip, güýz pas­ly hem ge­lip ýe­tip­dir. Dur­na­lar ho­wa­nyň bar­ha so­wa­ýan­dy­gy­ny, iý­mit tap­ma­gyň du­ra-ba­ra kyn­laş­ýan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, gyş­da ys­sy ýurt­la­ryň bi­ri­ne gö­çüp git­me­li di­ýen ka­ra­ra ge­lip­dir­ler. Şon­da dur­na­la­ryň bi­ri ikir­jiň­le­nip:
– Bu ýer­de bar zat he­zil ahy­ryn, ys­sy ýurt­la­ra göç­mek­den ne peý­da?! Men-ä şu taý­da gal­jak, me­niň üçin bä­ri go­wy, git­jek bol­sa­ňyz si­zi sak­la­ýan ýok – di­ýip, ketjallygyna tut­du­ryp­dyr. Beý­le­ki dur­na­la­ryň ýal­bar-ýa­ka­ry­na ga­ra­maz­dan, ol öz di­ýe­ni­ni tu­tup, kö­lüň ke­na­ryn­da ga­ly­be­rip­dir. Şeý­le­lik­de, beý­le­ki dur­na­lar toý­nuk gu­rap gü­nor­ta ta­rap uçup gid­ýär­ler.
Ýe­ke özü­niň ga­lan­dy­gy­na öz ýa­nyn­dan mon­ça bo­lan dur­na bu köl­de ýal­ňyz-ten­ha ýa­şa­ber­ýär. Güýz pas­ly­nyň ahyr­la­ryn­da ho­wa so­wan­soň, köl­ do­ňup, ýü­zü­ni buz bag­lap­dyr. Kö­lüň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýan aýy­lar­dyr, jan­ly-jan­dar­lar gyş uku­sy­na gi­dip­dir­ler.
Ine-de, çap­gyn­ly şe­mal köw­sar­lap, al­da­jy gyş pas­ly hem ge­lip ýet­ýär. So­wuk ze­rar­ly gününi zor­dan aý­la­ýan dur­na bu şert­ler ýa­ra­ma­ýar. Içi­ni-da­şy­ny bü­tin­leý buz bag­lan köl­de ne iý­mä­ge ot-çöp, ne-de bir ba­lyk gal­ýar. Şa­t­la­ma so­wuk­dan ýa­ňa kib­ti­ni gy­syp, iki bü­kü­dip otu­ran dur­na in­di soň­ky puş­ma­nyň özü­ne duş­man­dy­gy­na dü­şün­se hem ga­ty ökü­nip, gö­zü­ne ýaş aý­la­ýar.
– Wah, ola­ra go­şu­ly­şyp gi­den bol­sam bol­ma­ýar­my, şon­da ne­neň­si oňat bo­lar­dy?! Ola­ry diň­län bo­lan­ly­gym­da, beý­le zat­lar ba­şym­dan in­mez­di. Nä­me üçin men ola­ra eýer­me­dim­käm?! Bu zat­la­ryň ba­ry­na di­ňe özüm gü­nä­kär. Wah, meň sam­syk­ly­gy­my diý­se­ne, dost­la­ry­myň sö­zü­ne gu­lak as­man, ola­ryň hem göw­nü­ne deg­dim, ke­jir­li­giň­den ýa­ňa sen ne gün­le­re dü­şüp ýör­süň – di­ýip, dur­na öz-özü­ne sö­gü­nip, zeý­re­nip, iý­mit göz­le­mek üçin myt­dyl­dap ug­ra­ýar.
Gün­le­ri­ni di­ňe ökünç bi­len ge­çi­ren dur­na zor­dan gyş­dan çyk­ýar. Bir gün ag­şam ça­gy agyr oýa ba­typ otyr­ka uzak­dan dur­na­la­ryň hoş owa­zy gu­la­gy­na il­ýär. Az sa­lym­dan gö­zü­niň al­nyn­da toý­nuk gu­rap özü­ne ba­kan uçup gel­ýän dur­na­lar peý­da bol­ýar. Dost­la­ry­nyň do­la­nyp gel­ýä­ni­ne be­ge­nen dur­na­nyň gaý­gy-has­rat­la­ry zym-zy­ýat bo­lup, ola­ry ga­nat ýa­ýyp gar­şy al­ýar.
Dur­na­lar köl­de ýal­ňyz ga­lyp, la­gar dü­şen dos­tu­na ga­rap:
– O-how, gar­daş, bu nä bo­luş-how, ha­lys hor­la­nyp gi­dip­si­ň-ä – di­ý­şip, onuň hal­yn­dan ha­bar alyp ug­rap­dyr­lar. Ys­gyn-de­ra­mat­dan nam-ny­şan gal­ma­dyk gör­gü­si ýa­man dur­na içi­ne çö­küp gi­den göz­le­ri bi­len dur­na­la­ra tiň­ke­si­ni di­kip:
– Siz­ gi­de­ňiz­soň, bu ýer­de ga­ty kö­sen­dim. Her gün ýo­lu­ňy­za ga­rap ag­la­dym. Ýe­ke­lik go­wy zat däl eken. In­di men si­ziň ýa­ny­ňyz­dan aý­ryl­ma­jak­dy­gy­ma söz ber­ýä­rin – di­ýip, na­ýyn­jar dil­le­nip­dir. Şol gün­den baş­lap kö­li ýe­ne-de şa­dy-hor­ram­lyk, bo­le­lin­lik we be­re­ket gur­şap alyp­dyr. Dost­la­ry­nyň ga­dyr-gym­ma­ty­na göz ýe­ti­ren dur­na, şon­dan soň, olar­dan hiç ha­çan aý­ryl­man­dyr.

«Ýe­ke ýol ta­pan­dan, köp bi­len aza­şan ýag­şy»