«Ga­har – ga­çar, öý­ke – öçer»

Adam hä­si­ýe­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­di­len bu na­kyl­da köp­lenç yn­sa­ny oňaý­syz ýag­daý­la­ra sal­ýan ga­har we öý­ke ba­ra­da söz açyl­ýar. Ga­har­la­ny­lan­da ada­myň özü­ne erk et­me­gi kyn­la­şyp, nä­me diý­lip, nä­me aý­dyl­ýan­dy­gy­na ýa-da edil­ýän he­re­ket­le­re üns be­ril­me­ýär. Ga­har bi­len bag­la­ny­şyk­ly «Akyl – dost, ga­har – duş­man, so­ňy – puş­man» diýen na­kyl­dan ugur al­sak, ga­har bi­len aý­dy­lan sö­züň ýa-da ga­har­ly he­re­ke­tiň so­ňu­nyň puş­man­dy­gy aý­dyl­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz ga­har­la­ny­lan ha­la­tyn­da özü­ňe erk edip, akyl bi­len he­re­ket et­me­gi, az wagt­dan soň ga­ha­ryň «ga­çyp gid­ýän­di­gi­ni» bel­läp­dir­ler. Na­ky­lyň ikin­ji bö­le­gin­de öý­ke bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­lar su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Türk­men di­li­niň dü­şün­di­riş­li söz­lü­gin­de: «Öý­ke – bi­rin­den göw­nüň gal­ma­gy se­bäp­li dö­re­ýän nä­ra­zy­lyk, nä­gi­le­lik duý­gu­sy, ki­ne» diý­lip dü­şün­di­riş be­ril­ýär. Öý­ke­le­mek hem oň­la­nyl­ma­ýan hä­si­ýet­le­riň bi­ri bo­lup, wag­tyň geç­me­gi bi­len öç­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Umu­man, na­ky­lyň ma­ny­sy­ny jem­lä­ni­miz­de ga­ha­ry­ňam, öý­kä­ni­ňem wagt­la­ýyn­dy­gy, sa­byr­ly bol­mak we akyl bi­len he­re­ket et­mek esa­syn­da ge­çip gid­ýän­di­gi be­ýan edil­ýär.