5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany sahawatly türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň olaryň şu ýylyň dowamynda ikinji duşuşygydygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýedigine, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge meýillidigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan köptaraply netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine türkmen tarapyndan bildirilýän çemeleşmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň berk binýada esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini hem-de özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlyga degişli giň meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi köpugurly türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar degişli düzümleriň işini utgaşdyrýar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny seljerýär.
Söhbetdeşler şu ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda bu iş toparynyň sekizinji mejlisiniň hem-de Türkmen-tatar işewürlik maslahatynyň geçirilendigini belläp, şol duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlary kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary belläp, türkmen tarapynyň biziň halklarymyzyň dostlugynyň we ýakynlaşmagynyň köprüsi hökmünde çykyş edýän bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
***
Şol gün hormatly Prezidentimiz “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.