Türkmenistanda ýurdumyzyň we daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirilýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigine kabul edişlik başlandy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guraýan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly halkara bäsleşigine ylmy işler kabul edilip başlandy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşige 35 ýaşa ýetmedik şahslar bakalawr, magistr we hünärmen maksatnamalary boýunça bilim alýan ýokary hünär bilimi edaralarynyň talyplary, şeýle hem degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýaş ylmy işgärler, aspirantlar we dalaşgärler gatnaşyp bilerler.
Ylmy-barlag işleri bir adam tarapyndan ýerine ýetirilen bolmalydyr. Işler guramaçylyk komitetiniň hgi.hygdek@gmail.com elektron salgysy arkaly şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler bellige alyş soragnamasyny doldurmaly, onuň nusgasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň resmi saýtyndan alyp bilerler. Şeýle hem saýtda bäsleşige gatnaşmagyň şertleri, ylmy-barlag işlerini ýazmaga bildirilýän talaplar we temalaryň doly sanawy beýan edilýär.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlarydyr hünärmenlerinden ybarat bolan eminler topary baha berer. Ylmy gözden geçirilişiň birinji tapgyrynyň netijelerini jemlemek şu ýylyň 1-nji sentýabrynda meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň umumy jeminiň netijeleri bolsa dekabr aýynyň ilkinji on gününde eminler tarapyndan yglan ediler.