7-nji ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, mil­li se­ne­na­ma­myz­da orun alan bu se­ne dün­ýä­de sag­dyn we iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek işin­de hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik bi­len raý­daş­ly­gy­ny gör­kez­ýän Türk­me­nis­tan­da her ýyl giň­den bel­le­nil­ýär.
Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň hem-de Bek­re­we kö­çe­si­niň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen “We­lo­si­ped” bi­na­sy­nyň ýa­nyn­da ba­dal­ga alan we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi­ne Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry we ýur­du­myz­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bi­niň hem-de umu­my or­ta bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry, Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän ça­ga­lar, jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri bar.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi­ni Aş­ga­ba­dyň mer­ke­zin­de – Ru­hy­ýet köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da­ky pel­le­ha­na­da ta­mam­la­dy­lar. Bu sport-eko­lo­gik çä­re­si jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­niň hem-de je­bis­li­gi­niň, onuň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, saý­lap alan dö­re­di­ji­lik­li ýo­lu­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň ýe­ne bir öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di.
Şol gün Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler, dür­li be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport çä­re­le­ri ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da-da gu­ral­dy. Şeý­le­lik­de, paý­tag­ty­myz­da hem-de se­bit­ler­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we sag­dyn­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de hal­ka­ra sport we eko­lo­gik he­re­ke­tiň ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di.