Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XIV jildi iňlis dilinde çap edildi.
Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär we meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ösümlik dünýäsiniň halk lukmançylygynyň ensiklopediýasy okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli boldy.
Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri öz ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzyň we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň mundan beýläkki ösüşi üçin amaly taýdan gymmatlydyr. Çünki neşirde ýüzlerçe ösümlik barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere, aýratyn-da, dünýäde giňden ýaýramadyk görnüşli ösümliklere baýdyr.
Iňlis dilinde neşir edilen baý mazmunly ensiklopediýa ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň usullary, dermanlyk ösümlikleriň atlary, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.