Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň ýolbaşçylygyndaky sagçy partiýa resmi gepleşiklerde iňlis we beýleki daşary ýurt sözlerini ulananlara 5000 ýewrodan 100 000 ýewro çenli jerime salýan täze kanun taslamasyny öňe sürdi. Meloniniň partiýasynyň agzalarynyň pikiriçe, kanunyň maksady “italýan dilini goramakdan we ösdürmekden” ybarat. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berdi.
Jorja Meloni tarapyndan makullanýan täze kanun taslamasy Italiýanyň aşaky palatasynyň agzasy Fabio Rampelli tarapyndan öňe sürüldi. Deputat bu kanun kabul edilen halatynda iňlis sözlerini ulanýan italýan syýasatçylaryna jerime salnar. “Biz aşaky palatada arassa italýan dilinde gürleşýäris, şoňa görä, öz dilimizi ulanmak üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris” diýip Rampelli belledi.
Italýan dili, beýleki Ýewropa dilleri ýaly, soňky ýyllarda iňlis sözleriniň köpüsini özüne çekdi. Bu köplenç italýan sözlerine degişli bolmadyk täze zatlary aňladýan sözlerdir. Her niçikde bolsa, köp adam hatda italýan adalgasynyň oňat gabat gelýän ýerinde-de iňlis sözlerini ulanmaga öwrenişipdir. Italiýan ensiklopediýasy “Treccani”-de häzirki wagtda 9000 iňlis sözi we 800000 italýan sözi bar. 2000-nji ýyldan başlap, italýan diline girizilen iňlis sözleriniň sany 773 göterim artdy.
Meloni tarapyndan goldanýan kanun, döwlet dolandyryşlarynda, mekdeplerde we uniwersitetlerde iňlis sözlerini ulanmagy gadagan edýän konserwatiw çemeleşmäni öňe sürýär. Täze kanuna görä, “daşary ýurt dilini öwretmäge gönükdirilen islendik okuw mekdebinde daşary ýurt dili italýan dilinde öwredilmeli”. Döwlet dolandyryşynda wezipäni eýeleýän islendik adam “italýan dilini ýazmaça bilmeli we gürlemeli”. Kanun taslamasyna laýyklykda, iňlis sözleri italýan diliniň ähmiýetini peseldýär. Üstesine-de häzirki wagtda Beýik Britaniýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy däl.