Her ýy­lyň 6-njy ap­re­lin­de dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de stol ten­ni­si­niň hal­ka­ra gü­ni bel­le­nip ge­çil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýör­gün­li bo­lan bu sport gör­nü­şi ýaş­la­ryň ara­syn­da has-da meş­hur­dyr. Gy­zyk­ly hem-de çe­ke­le­şik­li geç­ýän stol ten­ni­si­ni oý­na­mak üçin mer­ke­zin­den tor çe­ki­len stol, ki­çi­jik top­ja­gaz we ra­ket­ka ge­rek. Oýunda haý­sy ta­rap to­py ýe­re ga­çyr­sa ýa-da to­py tor­dan ge­çi­rip bil­me­se, şol hem ýe­ňil­ýär. Stol ten­ni­si iki­le­ýin (her ta­rap­dan bir oýun­çy), jü­büt­le­ýin we ga­ry­şyk to­par­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär. Köp ýurt­da «ping-pong» ady bi­len ta­nal­ýan stol ten­ni­si Olim­pi­ýa spor­tu­nyň bir gör­nü­şi­dir.
Oý­nuň gys­ga­ça ta­ry­hy
Stol ten­ni­si ýa­pyk ýer­de oý­nal­ýan sport gör­nü­şi bo­lup, il­ki­baş­da Hy­taý­da ýü­ze çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Hy­ta­ýyň mil­li sport gör­nü­şi ha­sap­lan­ýan stol ten­ni­si bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny örän köp. 1901-nji ýyl­da «ping-pong» ady bi­len stol ten­ni­si­niň en­ja­m­la­ry sa­ty­lyp baş­lan­ýar. Şol dö­wür­ler golf to­py sto­luň üs­tün­de ki­tap ýa-da ga­ty ka­gyz­lar bi­len ur­lup oý­na­lyp­dyr. Soň­lu­gy bi­len sto­luň üs­tün­de tor dö­re­di­lip, ýö­ri­te top­ja­gaz we ra­ket­ka oý­la­nyp ta­pyl­ýar. 1902-nji ýyl­da res­mi däl Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­mez­den ozal köp san­ly stol ten­ni­si ýa­ryş­la­ry gu­ral­ýar. 1926-njy ýyl­da Stol ten­ni­si bir­le­şi­gi dö­re­dil­ýär. Şol ýyl Hal­ka­ra stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy (ITTF) hem dö­re­dil­ýär. 1996-njy ýyl­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da il­kin­ji ge­zek stol ten­ni­si bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär. Oý­ny köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­mak hem-de oý­nuň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len 2015-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä stol ten­ni­si gü­ni yg­lan edil­ýär.
Sag­ly­ga peý­da­sy
Stol ten­ni­si wag­ty­ňy­zy gy­zyk­ly ge­çir­mek bi­len bir ha­tar­da sag­lyk üçin hem peý­da­ly­dyr. Spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­la­nyl­ýar­ka üns bir ýe­re jem­len­ýär. Ada­myň şäh­di açy­lyp, be­de­nini ra­hat­lyk gur­şap al­ýar. Şeý­le hem gi­dip-gel­ýän to­py yzar­la­mak üçin gö­züň iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­ýar. Bu göz üçin iň go­wy maşk bo­lup, nerw dart­gyn­ly­ly­gy pe­sel­ýär. Çe­ýe­li­gi ta­lap ed­ýän stol ten­ni­si 40 ýaş­dan ulu­lar üçin hem mö­hüm­dir. Se­bä­bi oý­nuň do­wa­myn­da egin­le­riň, oňur­ga süňk­le­ri­niň, umu­man gys­ga ara­lyk­da be­de­niň saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti bo­lup geç­ýär. Aýa­gyň myş­sa­la­ry­na güýç düş­mek esa­syn­da gan aý­la­ny­şy­ kadalaşýar. Bu ýag­daý beý­ni­niň işi­ne hem oňaý­ly tä­sir ed­ýär.