Hytaý Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirjek suwasty optiki süýümli tory geçirmek meýilnamasyny işläp düzýär. Habarly çeşmeler taslamanyň bahasynyň 500 million dollardygyny belläp, ony “SeaMeWe-6” atly şunuň ýaly amerikan taslamasynyň bäsdeşi diýip atlandyrýar.
Hytaýyň EMA (Europe, Middle East, Asia) diýlip atlandyryljak bu kabel meýilnamasy Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirer we Hytaýyň Haýnan welaýatyndan Singapur, Päkistan, Saud Arabystany, Müsür arkaly uzap, Fransiýa baryp ýeter. Taslamanyň üstünde “China Telecom”, “China Mobile Limited” we “China Unicom” ýaly HHR-iň üç sany esasy internet operatory işleýär.
Häzirki wagtda dünýädäki internet traffiginiň 95%-den gowragy global telekommunikasiýa kompaniýalaryna degişli suwasty kabellerinden geçýär. Bu ösen infrastruktura has uzak aralyklara çalt, ygtybarly maglumat bermäge mümkinçilik berýär.