Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýan raýatlarymyzyň milli däp-dessurlaryny, tagat-ybadatlaryny berjaý etmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu gün ýurdumyzyň ähli metjitlerinde azan sesleri belentden ýaňlanýar. Mähriban halkymyz mukaddes remezan aýynda agyz bekläp, oraza tutýar.
Oraza bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir. Oraza adamy erbet sözleri eşitmekden, gabahatlygy görmekden, nebsewürlikden, açgözlükden goraýar. Arterial gipertoniýa, ateroskleroz, gipodinamiýa, aşgazanyň ýara-baş keseli, süýjüli diabet ýaly ençeme keselleriň ýüze çykmagyna garşy göreşýär, ynsany zyýanly endiklerden daşda saklaýar.
Gözbaşyny taryhyň gadymy sahypalaryndan alyp gaýdýan bu mukaddes aýda musulmanlar agyz bekläp, sahawat ýolunda bolýarlar. Oraza aýynda agyz beklemegiň ähmiýetli taraplary örän köpdür. Bu aýyň sogaby iýmitiň, suwuň, naz-nygmatlaryň gadyr-gymmatyny bilip, ony goramaklyga, isrip etmezlige, şükür etmäge iterýär. Elbetde, şükür eden, toba eden ynsan üçin nygmatlar bollugyna hem halallygyna galýar. Oraza ynsanyň nebsini terbiýeläp, sabyr-takatly, kanagatly bolmaga çagyrýar.
Oraza aýynyň Gadyr gijesi musulman halklary üçin iň bir eý görülýän pursat hasaplanýar. Adamlar gadyr gijesini agzybirlikde we asudalykda geçirmegi halaýarlar. Bu gije üçin dürli naz-nygmatlar aýratyn yhlas bilen taýýarlanýar. Üýşülip agyz açylýar, soňra pähim-parasatly atalaryň, kümüş saçly eneleriň halallyk, geçirimlilik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri diňlenýär. Gadyr gijesine her bir maşgala diýen ýaly ýörite taýýarlyk görýär. Dürli-dümen milli tagamlar bişirilip, desterhanlar naz-nygmatlardan doldurylýar. Goňşy-golama, dogan-garyndaşa içi nygmatly okara, hatda sowgat-serpaý iberýänlerem bar.
Gudraty Güýçli Beýik Allatagala tarapyndan keramatly Gurhanyň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýulýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan dini we dünýewi ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berilýär.
Gadyr gijesi mübärek Oraza aýynyň mukaddes gijeleriniň biridir. Bu ýyl Gadyr gijesi 17-nji aprelden 18-nji aprele geçilýän gijä gabat gelýär. Mukaddes gijede namaz okamagyň sogaby gaty uludyr. Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz Watanyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Häzirki döwürde halkymyzyň däp-dessurlaryny dowam etdirmäge, milli mirasyny dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy. Oraza aýynda halkymyzyň agyz bekläp, metjitlere tarawa namazyna baryp, däp-dessurlary arkaýyn ýerine ýetirmegi Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen ajaýyp miwesidir, her ýyl Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsiniň geçilmegi sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň nyşanydyr.
Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.