24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VIII Halkara Gaz kongresi we oňa bagyşlanan pudaklaýyn sergi öz işini tamamlady. Bu çäre energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
Kongrese dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, iri halkara guramalaryň we nebit-gaz pudagynda ägirt uly tejribesi bolan nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady mümkinçiligi bolan Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Oňa dünýäniň 36 döwletinden, şol sanda ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Ýewropa Bileleşiginden, Russiýadan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan, şeýle hem BAE-den, Türkiýeden, Malaýziýadan, Singapurdan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan wekiliýetleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Halkara gaz kongresiniň işiniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine we onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň diňe bir ykdysady bähbidi bolman, eýsem, ol sebitleýin energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ykrar edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki döwürde ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” esasy ugradýan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Amatly geosyýasy ýagdaýy we uglewodorod serişdelerine baý ýataklary bilen ýurdumyz dürli ugurlar, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlary boýunça gazyň eksportuny mundan beýläk-de artdyrmak üçin ägirt uly kuwwatlyklara eýedir.
“Galkynyş” gaz käni ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu kände senagat taýdan abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde alyp barýar. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi.
Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler ministri jenap Jam Kamal Han we Koreýanyň gaz korporasiýasynyň prezidenti jenap Sang-Hun Li öz çykyşlarynda dünýä bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň eksportunyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdylar. Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşi, ilatyň sanynyň artmagy we milli ykdysadyýetleriň ýokary sarp edijiligi şertlerinde ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýan energiýa serişdelerine gyzyklanmalar yzygiderli artar.
Şeýlelikde, soňky ýyllarda dünýäniň birnäçe sebitlerinde gysylan tebigy gazyň önümçilik möçberleriniň artýandygynyň göze ilýändigine garamazdan, Türkmenistandan turbageçirijiler arkaly ýangyç akymy durnukly we uzak möhletleýin esasda ugradylar. Munuň özi bäsdeşlige ukyply we sarp edijileriň isleglerine laýyk gelýär diýip, çykyş edenler bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, onuň “Beýik ýüpek gaz ýoly” ulgamyna goşulmagynyň we Aziýa – Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri seljerildi.
Hytaýyň “CNPC International Turkmenistan” milli nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory jenap Den Minmin türkmen hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki işiniň netijelerine ýokary baha berdi. Önüm paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda, müňlerçe türkmen hünärmenleriniň işleýän CNPC kompaniýasy Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmeleriniň biri bolup durýan “Bagtyýarlyk” çägindäki ýatakda gözleg, abadanlaşdyryş we özleşdirmek işlerini alyp barýarlar. “Türkmengaz” döwlet konserni bu ugruň işe girizilen döwründen başlap, 110 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz ugratdy.
CNPC kompaniýasynyň ugradan gazy bolsa, 60 milliard kub metrden gowrak. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy mukdary şu ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna golaýlar. Onuň çäklerinde çägiň seýsmik barlaglary ýerine ýetirildi, synag we ulanyş guýularynyň 115-si burawlandy, zerur önümçilik, ulag we durmuş düzümi döredildi. Bu ýerde gurlan gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýyllyk kuwwaty 13 milliard kub metre ýetirildi.
Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň baş geňeşçisi doktor Hose Aleksandro Karbalo Leýda foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklygynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler hakynda maglumat berdi. Hususan-da, energiýa göterijileriň köpugurlylygyny üpjün etmek, olaryň geografiýasyny giňeltmek ýaly energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.
Netijelilik, energiýa tygşytlaýyş, täzeçil tehnologiýalaryň we dolandyryşyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, onuň ekologiýa ugry we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy, halkara ýangyç akymlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy, energiýa göterijileriň deňhukukly we açyklyk esasynda halkara üstaşyr geçelgeleriň üpjün edilmegi, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylmagy, energetika pudagyndaky maýa goýum işi, maýa goýumlaryň netijeliliginiň we olaryň goraglylygynyň ýokarlanmagy ýaly ugurlar möhüm hasaplanylýar.
Geljek hepdede Aşgabatda boljak Energetika Hartiýasynyň nobatdaky maslahatynda energetika ulgamynda bar bolan halkara hyzmatdaşlygyň gurallaryny kämilleşdirmegiň meseleleri, halkara hukugyň we döwletler hem-de halkara guramalar tarapyndan bu ugurda toplanan döwrebap tejribeleriň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda energetika serişdelerini üstaşyr geçirmegiň meseleleri boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamagyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.
“Total”, “Dragon Oil”, “Burckhardt Compression”, “Eriell Group” kompaniýalarynyň, Gruziýanyň Döwlet nebitgaz korporasiýasynyň wekilleri öz çykyşlaryny Türkmenistanyň gaz serişdelerini özleşdirmekde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bagyşladylar.
Kongresiň ikinji güni birnäçe mowzuklaýyn maslahatlardan ybarat boldy. Olaryň biri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy. Gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy işiň tertipnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ony 2018-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda “TAPI Pipeline Company Limited” we GFR-iň “ILF” kompaniýalarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde gurluşygy deslapky taslamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge gönükdirilen şertnama gol çekildi. Bu döwletleriň çäklerindäki tehniki işlere badalga berildi.
2017-nji ýylyň dowamynda gözleg işleri toplumyny, seýsmik barlaglaryň aero surata düşürilişi, şol sanda TOPH-yň oňyn ugruny kesgitlemek, gaz gysyjy beketleri we gaz geçirijiniň ugrunda beýleki goşmaça desgalary ýerleşdirmek, şeýle hem bu taslamanyň daşky gurşawa täsirini anyklamak işlerini ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Gaz geçirijiniň owgan we pakistan bölekleri üçin başlangyç tehniki taslamany, halkara synaglary, hususan-da, enjamlary, turbalary we beýleki önümleri satyn almak boýunça synaglary geçirmek, TOPH taslamasy boýunça anyk maýa goýum çözgüdini kabul etmek üçin zerur resminamalary taýýarlamak meýilleşdirildi.
“ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory jenap Stefan Býurkle bu babatdaky hasaplamalar boýunça anyk maglumatlary habar berdi. Owganystanyň Prezidentiniň maliýe-ykdysady meseleler boýunça baş geňeşçisi jenap Ajmal Ahmadi öz gezeginde Owganystanyň TOPH taslamasyna möhüm milli taslama hökmünde garaýandygyny belledi. “Inter State Gas Systems” kompaniýasynyň baştutany jenap Mobin Saulat TOPH gurluşygyny dünýä energetikasynyň möhüm wakasy hökmünde atlandyrdy. Pakistanyň hökümetiniň bu taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ol halkara energetika hyzmatdaşlygy meselelerine täzeçil çemeleşmeleri we milli Liderimiziň bu möhüm pudakda öňe sürýän işjeň başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Aziýa Ösüş Bankynyň uly geňeşçisi jenap Çin Çun Fong we EY/AHB taslamalaýyn maliýeleşdiriş kompaniýasynyň ýolbaşçysy doktor Sebastýan Hofert won Weýs öz çykyşlarynda TOPH taslamasynyň gurluşygynyň başlanmagyny uly ösüş hökmünde atlandyrdylar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy birleşmeleriniň wekilleriniň Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyna maýa goýumlary gönükdirmegiň geljekki ugurlaryna bagyşlanan çykyşlary uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiýa gurnamalaryň gurluşygy meýilleşdirildi. Olaryň hatarynda dizel ýangyjyny gidroarassalaýyşdan geçirýän gurnama, benzini ikinji gezek gidroarassalaýyşdan geçirýän wodorod önümçiligi-desgalary we başga-da birnäçe desga bar.
Kongrese gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň daşky gurşawa täsiri barada birnäçe gezek aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigaty goramak döwlet syýasatynyň ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bellenildi.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň nebit-gaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen köpsanly duşuşyklary geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň gaz senagatynyň, döwletimiziň bähbidine bolşy ýaly, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbidine kuwwatly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirjekdigi bellenildi.
VIII Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.