Ylym durmuşyň ýagdaýyny beýan edýän, jemgyýetçilik aňynyň aýratyn bir formasydyr. Ol dünýä akyl ýetirmegiň usullaryny ulanyp, delillere, subutnamalara daýanyp, dünýädäki bar bolan meseleleri ylmy taýdan çözüp, subut edip, olary düşünjeler, çaklamalar, nazaryýet ulgamlary, taglymatlar görnüşinde şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiz: “Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Möhüm çözgütleri, derwaýys meseleleri diňe ylmy jähetden çemeleşip, dogry çözmek, uzak möhletli meýilnamalardyr, maksatnamalary ylmy taýdan işläp düzmek biziň esasy ýörelgämizdir” diýip belleýär.
Türkmen topragy ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň sazlaşykly gülläp ösen gadymy mekanydyr. Köneürgenç, Merw, Nusaý ýaly şäherlerde görnükli akyldarlarymyz Al-Horezmi, Al-Faraby, IbnSina, Abu-Reýhan al-Biruny, Omar Haýýam astronomiýa, himiýa, fizika, matematika, geometriýa, lukmançylyk, saz sungaty, taryh, edebiýat, dil bilimi, filosofiýa ýaly ylmyň esasy ugurlarynda ilkinji gymmatly açyşlary, köp sanly ajaýyp oýlap tapyşlary amala aşyrypdyrlar. Olar Gündogarda we Günbatarda ylmyň ösmegine oňaýly täsirini ýetiripdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylma uly üns berilýär. Sebäbi ylym adamzadyň durmuşynyň bezegidir, biziň ygtybarly ösüşimiziň kepilidir. Ylmyň täze, has belent sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzyň ykdysady-tehniki kuwwatyny, halkymyzyň maddy we medeni derejesini, hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Ylym Berkarar döwletimizi ösdürmegiň iň esasy ugurlarynyň biridir. Dünýäniň möhüm ähmiýetli ylym merkezleriniň biri hökmünde ykrar etmegiň ýolunda ýurdumyzyň ylym ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalar hem-de milli we umumadamzat bähbitli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Bekrewedäki tehnologiýalar merkeziniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ylmy laboratoriýalarynyň açylmagy we olaryň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi ylmyň gazanan netijelerini çalt özleşdirmek üçin niýetlenendir.
Häzirki döwürde zamanamyzyň ösen bilimlerinden we ylymlaryndan oňat baş çykaryp bilýän zehinli, ýaş hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanda milli maksatnamalarymyzy yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek üçin ylmy kämilleşdirmek meselesine uly üns berilýär. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge, ylmy işiň hilini we ähmiýetini ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda, ylaýta-da, Sagdynlygyň we ruhubelentliligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy barlag institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly we düýpli işler alnyp barylýar. Alymlarymyz energetika, ýangyç serişdeleri we olary tygşytlamak, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek babatda gazanýan üstünlikleri bilen diňe bir ýurdymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, sebit we bütin dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ösüşi bilen bagly örän möhüm meseleleri çözmäge hem uly goşant goşýarlar.
Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmekde ylmyň ähmiýeti uludyr. Garagumuň we Hazar deňziniň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny hem-de oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda ulanmagyň tehnologiýalaryny döretmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri Orta Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyna geçmegiň çaltlandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň mineral suwlaryny, bejergi palçyklaryny, hormatly Prezidentimiziň köp jiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly gymmatly kitabynda görkezilen müň bir derde derman ösümliklerini peýdalanmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy, häzirkizaman lukmançylyk ylymlarynyň we bilimleriniň düýpli ösdürilmegi Berkarar döwletimizde ylmyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkymyzyň abadan durmuşynyň gözbaşynyň ylym we bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny häzirki bagtyýar durmuşymyz aç-açan görkezdi.
Ikramguly Jumagulyýew,
Türkmenistanyň goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Harby
institutynyň dosenti.