13-nji aprelde Samarkant şäherinde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistandan bu duşuşyga daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada jikme-jik pikir alyşdylar we bu ýurduň içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda goňşy ýurtlaryň Owganystanda umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin amatly şertleri döretmek, bu ýurtda ykdysady we ynsanperwer ýagdaýy gowulandyrmak üçin ähli tagallalary edýändiklerini nygtady. W.Hajiýew şeýle hem Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň formatynda geçirilýän gepleşikleriniň möhümdigini belläp, bu formatyň Owganystana goldaw bermek, ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädimlerden biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmen tarapy çykyşynyň ahyrynda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň indiki 5-nji mejlisini Türkmenistanda geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini göz öňünde tutup, Owganystana goldaw we ýardam bermegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Samarkant jarnamasy kabul edildi.