BMG-niň çaklamalaryna görä, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hindistan boldy. Şeýlelikde, häzire çenli dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ikinji orna düşdi. Onlarça ýyllap iň köp ilatly ýurt adyna eýe bolan Hytaýda soňky ýyllarda ilatyň sany azalan bolsa, Hindistanda artmagyny dowam etdirdi. Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky ilat sanynyň tapawudy azaldy.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Hindistanyň ilaty ýylyň ahyryna çenli takmynan, 1 milliard 429 milliondan geçer. Hindistanda her on ýyldan bir gezek ilat ýazuwy geçirilýär. Pandemiýa sebäpli 2021-nji ýylda ilat ýazuwy geçirilmedi. Şol sebäpli ilatyň anyk sany bilinmese-de, ilat sanynyň artmagy bilen dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolandygy çaklanylýar.
Her aýda 1 million artýar
Hindistanyň ilaty soňky 12 ýylda 210 million, ýagny tas Braziliýanyň ilaty ýaly köpelipdir. 2020-nji ýyldan bäri bolsa, her aý 1 milliona golaý köpelýändigi çaklanylýar. Soňky ýyllarda çaga dogluşynyň sany azalsa-da, umumy ilatyň artyşy dowam edýär. Resmi maglumatlara görä, Hindistan ilatynyň artyşynyň dowam edip, 2064-nji ýylda 1,7 milliarda ýetmegine garaşylýar.
Hytaýyň Milli statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, bu ýurduň ilaty geçen ýyl 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek azaldy. Bilermenler bu pese gaçyşlygyň dowam etjekdigini we iki ýurduň ilat sanynyň arasyndaky tapawudyň artjakdygyny belleýärler.