15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol topar tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.