Suw ýaşaýyş üçin esasy serişdeleriň biri bolup, bedenimiziň agramynyň 50-70 göterimini düzýär. Adam bedenindäki her bir öýjük, dokuma we beden agzalary kadaly işlemek üçin suwa zerurlyk duýýar. Her gün hereket etmek, işlemek arkaly bedenimizden birnäçe litr suwuklyk bölünip çykýar. Howanyň gyzmagy bilen bedeniň suw ýetmezçiligi ýüze çykýar. Eýsem, her gün näçe litr suw içmeli?!
Bilermenleriň soňky geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, erkekler üçin her gün 3,7 litr, zenanlar üçin 2,7 litr suw içmek maslahat berilýär. Beden üçin gündelik suwuklygyň 20 göterimi iýmitlerden we miwelerden alynýar. Galan bölegi suwuklyk içmek arkaly doldurylýar. Bilermenler her gün 8 stakan suw içmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belleýärler.
Adamlaryň käbiri suwsuzlygy duýmaýar, käbiri tiz suwsaýar, käbirleri ortaça ölçegde suw içýär. Bu ýagdaý adam organizminiň derejesi, iş şerti bilen bagly bolup, her kim özüne görä suwuklygyň derejesini saýlamaly. Şeýlelikde, her gün içilýän suwuň mukdary 8 stakandan köpem, azam bolup biler.
Adam bedenindäki suwuklygyň derejesine täsir edýän ýagdaýlar:
Sport bilen meşgullanmak. Maşk etmek ýa-da sport bilen meşgullanmak bedeniň derlemegine getirýär. Şeýlelikde, türgenleşýän bedenden artykmaç suwuklyk bölünip çykýar. Şol sebäpli bilermenler türgenleşmezden ozal we türgenleşikden soň arassa suw içmegi maslahat berýärler.
Daşky gurşaw. Adam bedeninden suwuklygyň bölünip çykmagynda daşky gurşawyň täsiri uludyr. Yssy ýa-da çygly howada organizmiň suwa bolan talap edijiligi üýtgäp durýar.
Käbir nähoşluklar. Gyzzyrma, iýmit kabul edijilik we iýmit siňdirmek bilen bagly käbir nähoşluklarda bedeniň suwuklygynyň derejesi peselip biler. Şeýle ýagdaýda köpräk arassa suw we miwe şerbetlerini içmek maslahat berilýär.
Suwsuzlygy gandyrmak üçin hökman suw içmek zerurlygy ýok. Munuň deregine garpyzdyr miwe, ysmanak ýaly gök otlary iýip hem suwsuzlygy gandyryp bolýar. Mundan başga-da, ösümlik çaýlary, süýt we miwe şireleri suwsuzlygy gandyrmak üçin kaloriýa baý içimliklerdir. Bilermenler gazlandyrylan, reňkli içimlikleri içmek arkaly teşneligi gandyrmagy maslahat bermeýärler.