«Daragt bir ýerde kemal tapar»
Durmuşy temada döredilen bu nakylda adamyň belli bir ugry saýlap, ussatlyga ýetmelidigi beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, agajy bir ýere ekip, soňra başga bir ýere göçürip, ýene-de dowamly şol ýagdaýlar gaýtalansa, ne agaç düýp alar, ne-de boý alyp hasyl getirer. Agaç bir ýerde düýp tutup, şol ýerde-de hasyl getirýär, ýagny bir ýerde kemal tapýar. Bu nakylda agajyň manysynda adamyň bolşy göz öňünde tutulýar. Ata-babalarymyz bu gün bir işiň başyny başlap, ertir başga bir iş bilen meşgullanmagy, birigün ýene bir işiň başyna geçmegi maslahat bermändirler. Haýsy hem bolsa bir ugry, bir käri saýlap, şoňa höwes bilen ýapyşmagy, şol ugurdan kämilleşmegi ündäpdirler. Şeýle ýagdaýda adamyň berekediniň artjakdygyny, köp zady başarjak bolup, az zatdan galmazlygy wesýet edipdirler. Adamyň üýtgewsiz we tutanýerli bolmagy diňe bir hünär saýlamak bilen çäklenmän, durmuşdaky islendik ýagdaýa hem degişlidir.