Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagynyň ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydygyna ünsi çekdi.
Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz 10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda şu ýylda gurluşygy tamamlanjak binalardyr desgalar barada durup geçmek bilen, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga tabşyryljakdygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kemala gelen we gurluşygy dowam etdirilýän bu ajaýyp şäher ýaşamak üçin has oňaýly şertleri özünde jemleýär.
Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket eder. Bu hem ýakyn ýyllarda Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrüljekdiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, şol giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny köpeltmek, bu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi. 2023-2024-nji okuw ýylyndan bu atçylyk akademiýasy ilkinji talyplaryny kabul eder.
Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny – ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.
2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmaga ýardam etdi. Türkmenistandan we daşary ýurtlardan assosiasiýanyň hataryna girmek isleýän ýuridik we şahsy taraplaryň sany yzygiderli artýar. Häzirki döwürde assosiasiýanyň 30-dan gowrak döwletden 188 agzasy bar.
Her ýyl Bedew baýramy mynasybetli uzak aralyga atly ýörişler, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşikler, ýetginjekleriň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary we beýleki çäreler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda baş baýraklara mynasyp bolmagy hem göwnüňi galkyndyryp, ýüregiňi joşdurýar. Bu çäreler milli atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, çapyksuwarlary we bedewleri halkara ýaryşlara taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Daýanç GAÝYPGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.