Sportuň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde has-da ösdürilmegi, ilkinji nobatda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmaga, wagyz etmäge, şol bir esasda köp sanly raýatlary giňden çekmek arkaly sportuň ähli babatda netijeliligini artdyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň barha belende galmagyna gönüden-göni ýardam berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi – ähli welaýatlarda zerur sport enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar we beýleki ugurdaş desgalar guruldy.
Ýurdumyzyň sport taryhy ajaýyp ýeňişlere beslenýär. Täze taryhy eýýamda uly sport üstünlikleri, şol sanda 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ilkinji Olimpiýa kümüş medaly bilen onuň üsti ýetirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň häzirki nesliniň gazanýan uly üstünlikleri we ýeňişleri türkmenistanlylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär.
Ine, golaýda dürli ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türgenleriň ençemesi sylaglandy. Halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türgenleri sylaglamak indi asylly däbe öwrülip, bu dabara olaryň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir.
2023-nji ýylda geçirilen halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, tapawutlanan türgenleriň köp sanlysyna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen türgenleri ýylyň başyndan bäri Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda, Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde mart aýynyň başynda geçirilen suwda ýüzmek boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda, Özbegistanyň paýtagty Daşkentde taekwondo boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda, Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen Sambony esaslandyryjylaryň kubogy atly halkara ýaryşda, Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen halkara ýaryşda, Ulan-Bator şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda, Isa-Taun şäherinde guralan Günbatar we Merkezi Aziýanyň sebit saýlama ýaryşlarynda, Kolombo şäherinde geçirilen tennis boýunça ýetginjekleriň halkara ýaryşynda we «Karate 1 – Ýaşlaryň ligasy» karate-do boýunça Fujeýra şäherinde (BAE) geçirilen halkara ýaryşda dürli derejeli medallara mynasyp boldular.
Behişt OJAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.