Tut agajy önümçiligiň köp pudaklarynda çig mal bolup hyzmat edýän gymmatly agaçdyr. Onuň ýapraklary ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin esasy önüm bolup, onuň pilesinden tebigy ýüpek öndürilýär. Tudananyň özi bolsa, saz gurallarynyň önümçiliginde peýdalanylýar. Tudana dürli şerbetleri taýýarlamakda datly önüm bolup, düzüminde birgiden witaminleri we minerallary saklaýanlygy üçin iň oňat miweleriň biri hasaplanýar. Şeýle-de, dürli keselleri bejermekde iň gowy serişdedir. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organik kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Tudana öz düzüminde kalsiý, natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, selen, mis we demir ýaly mikroelementleri saklaýar.
Beloklara, uglewodlara, kletçatkalara we beýlekilere baý bolan bu miwe ganazlykda we bedeniň alyş-çalyş prosesini dikeltmekde ulanylýar. Şeýle hem öthaltanyň ýollarynyň näsazlygynda we garyn-içege traktynyň kesellerinde has-da peýdalydyr. Ol dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, agyz boşlugynda döreýän ýaralarda täsirli serişdedir. Ol peşew çykarmakda, üsgülewükde, öýken sowuklamasynda, bronhitde we böwrek näsazlyklarynda hem peýdalydyr.
Maddalaryň çalyşmasynyň näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellemesinde tudanany iýmit sanawyňa goşmak maslahat berilýär. Tudananyň düzümindäki köp fosfor göwreli eneler, talyplar we ylym bilen meşgullanýanlar üçin tapylgysyz önümdir. Tudananyň düzümindäki karotin, C we E witaminleri, şeýle hem selen güýçli tebigy antioksidantlar hasaplanyp, bedeni köpsanly nähoşluklardan we zyýanlardan goraýar.