Alymlar maglumatlary öwreneniňizden soň, ylgamaga çyksaňyz, onuň has gowy ýatda galýandygyny öňe sürýärler. Bu talyplar üçin peýdaly açyşdyr. Mälim bolşuna görä, stres gormony kortizol, ýatdan maglumatlary almak ukybyna kömek edýär. Ol käwagt ýada salmaga ýardam berse, käwagt hem ýadyň işini bozýar.
Ylgaw wagtynda beden içki deňagramlylygy saklamak üçin has köp kortizol işläp çykarýar. Şonuň üçin alymlar talyplara synaglara taýýarlyk döwründe fiziki taýdan işjeň bolup, kompýuter oýunlaryndan gaça durmagy maslahat berýärler. Bu ugurda synag geçirilip, oňa gatnaşan 16-29 ýaş aralygyndaky 60 adamdan käbir çylşyrymly maglumatlary ýatda saklamaklaryny sorapdyrlar. Meýletinçileri üç topara bölüpdirler. Birinji topardakylar arakesmede kompýuter oýunlaryny oýnapdyrlar, ikinji toparyň meýletinçileri ylgapdyr, üçünji topar bolsa, gezelenç edipdir. Soňra olardan özlerine tabşyrylan maglumatlary ýaňadandan ýadyna salmaklaryny sorapdyrlar. Şonda ikinji topar işiň hötdesinden has oňat gelmegi başarypdyr. Birinji topar bolsa, iň pes netijäni beripdir.