Äýnek hapalananda ýa-da tegmil düşende talabalaýyk arassalanmasa, onuň aýnasyna zeper ýetirip bilýär. Bu bolsa gözüň görşüne gönüden-göni täsir edýär. Eýsem, kompýuteriň we telefonlaryň ulanylyşynyň artmagy bilen has köp adamyň dakynyp başlan äýneklerini nähili arassalamaly? ABŞ-nyň “The New York Times” neşiri Amerikan Optometriýa jemgyýetiniň we optikleriň maslahatlaryny jemläpdir. Bu peýdaly maslahatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
Pagtaly çöpler
Yzygiderli arassalaýan hem bolsaňyz, äýnegiň gyralarynda, aýnanyň çarçuwa birleşýän ýerinde wagtyň geçmegi bilen hapa galyndylary bolup bilýär. Ujy pagtaly çöpjagazlar aýna we çarçuwa zeper ýetirmezden bu hapalary arassalamagy mümkinçilik berer.
Ýyly suw
Äýnegiň aýnasyny diňe suw ýa-da mikrosüýüm esgiler bilen arassalamakdan gaça duruň. Sebäbi bu ýagdaýda äýnekdäki hapany ýa-da tegmili aýyrmaýar, diňe ýaýradýar. Äýnegi gyzgyn ýa-da ýyly suwuň aşagynda 15 minut tutmak has gowy arassalamaga ýardam eder.
Gap-gaç ýuwujy serişde
Hapa äýnekleri suwa tutandan soňra her bir aýnanyň iki tarapynda gap-gaç ýuwujy serişdeden damdyryň. Soňra ony barmagyňyz bilen çalaja owkalaň! Ýöne köp serişde ulanmakdan gaça durmaly. Sebäbi, şeýle ýagdaýda linzanyň örtügine zeper ýetmegi mümkin. Mundan başga-da ulanylýan arassaçylyk serişdesiniň düzüminde materialy iýiji maddalaryň ýokdugyna hem göz ýetirmeli. Sebäbi bu goşundylar äýnegiň aýnasyna zeper ýetirip biler.
Arassa mikrosüýüm esgi
Gury ýa-da çygly, tapawudy ýok, bir gezeklik kagyz süpürgiçleri ýa-da köýnekçäňizi äýnek arassalamak üçin ulanmaň. Ýumşak matadan edilen hem bolsa, köýnekçeler ýa-da esgiler wagtyň geçmegi bilen äýnegiň aýnasyna zeper ýetirýär. Äýnegi arassalamak we guratmak üçin ýörite niýetlenen mikrosüýüm esgilerden gowusy ýok. Şeýle-de bolsa, bu esgileri hem arassa saklamaly. Edil adaty elýaglyklar ýaly äýnegiňizi arassalaýan mikrosüýüm esgileri hem mahal-mahal ýuwup durmaly.
Gabynda saklaň!
Äýnegi ulanylmaýan wagty ýörite gabyna salyp goýmagy endik ediniň! Şeýlelikde, äýnekler tozan basmakdan, haýsydyr bir zada degip, çyzylmakdan hem goralar. Bu bolsa has uzak ulanmagyňyza mümkinçilik berer. Äýnegi satyn alanyňyzda onuň ýany bilen berlen gabyny halamaýan bolsaňyz, optikalarda dürli görnüşli äýnek gaplarynyň hem bardygyny unutmaň! Eger-de ýanyňyzda äýnek gaby ýok olsa, sizem ony bir ýerde çykaryp goýmaly bolsaňyz, onda onuň aýnasyny ýokary bardyryp goýuň! Bar bolsa, mikrosüýüm esgä orap goýuň!
Arassalaýjy erginler
Äýnek arassalamaga niýetlenen ýörite erginler hem bar. Emma geçirilen barlaglarda ýyly suw bilen gap-gaç ýuwujy serişdäniň has gowy netije berýändigi anyklandy. Amerikan Oftalmologlar jemgyýeti äýnegi gap-gaç ýuwujy serişde bilen arassalamagy maslahat berýär. Emma çem gelen arassaçylyk serişdesini ulanmagyň garaşylmadyk netije berjekdigini hem unutmaň. Uzak ýola gidilende, äýnek arassalamagy niýetlenen ergini ýanyň bilen alyp gitse hem bolar.
Näçe wagt gerek?
Äýnegi düýpli arassalamak 10 minutdan hem az wagt alýar. Adaty gündelik arassaçylyk üçin bäş minutdan az wagt ýeterlik. El-ýüzüňizi ýuwan wagtyňyzda äýnegiňizi hem ýuwmagy endik edinseňiz, 1-2 minut ýeterlik bolar.