3-4-nji maýda Aşgabatda ikinji “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara gatnaşyk we ösüş – 2023” (ITTC-2023) halkara maslahaty we sergi geçiriler. Oňa köp sanly wekiliýet, şol sanda Ilon Maskyň “SpaceX” we Jek Manyň “Alibaba” ýaly kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy habar berilýär.
Bu maslahatda pandemiýadan soňky dikeldiş, halkara ulag pudagynda täze hakykatlara uýgunlaşmak we täsirli halkara ulag-üstaşyr koridorlaryny ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, halkara deňiz portlary, howa we demir ýol menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
ITTC-2023, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” we “Türkmen forum” bilen hyzmatdaşlykda “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” guramalary tarapyndan guralar. Şu güne çenli konferensiýa gatnaşmak üçin 40 ýurtdan 500-den gowrak delegat hasaba alyndy.
Gatnaşýanlaryň sanawyna “SpaceX”, “Alibaba”, “Airbus”, “Boeing”, “General Electric”, “Lufthansa”, “Thales”, “Cargo Lux”, “Fly Dubaý”, “Turkish Airlines”, “Dragon Oil”, “Vitol”, “Lukoil”, “Lenovo”, “Hyundai”, “Toyota”, “Casale”, “Sumitomo”, “KazGrain”, “Russiýa demir ýollary”, halkara transport guramalary IATA (Halkara howa ulaglary birleşigi), ICS (Halkara gämi palatasy), IRU (Halkara ýol ulaglary bileleşigi) we başga-da birnäçe belli halkara kompaniýalarynyň wekilleri girýär.
Maslahatyň sessiýalaryna we panel çekişmelerine BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky we Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar ýaly köp sanly halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi guralar.