Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň şu ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde içerki demir ýollaryň durkuny täzelemek we maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe elektrikleşdirilen demir ýol ulgamyny gurmagyň halkara tejribesini öwrenip, bu işleri Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, zerur bolsa, bu ugurda tejribeli daşary ýurt hünärmenlerini işe çekmegiň möhümdigi nygtaldy.