Şu gün 23-nji aprelde paýtagtymyzdaky Türkmenistan kinokonsert merkezinde kitap şüweleňi geçirildi. Mahabat müdirliginiň guramagynda geçirilen gyzykly çärä, esasan, ýaş okyjylar uly gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, “Täze aý” hususy kärhanasynyň, “Owadan pursat” studiýosynyň we “Ýoda” mahabat agentliginiň hemaýat bermeginde geçirilen çärede kitap dükanlarynyň sergisi geçirildi.
Şeýle-de “Zaman Türkmenistan” hem-de “Biznes reklama” gazetleri gatnaşdy. Çagalaryň arasynda dürli şüweleňler, oýunlar we ýaryşlar geçirildi. Çäräniň çäklerinde çagalara kitaplar berlip, şol kitapdan sowallar berildi. Sowallara birinji bolup dogry jogap berenlere hemaýatkärleriň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Kinokonsert merkeziniň zalynda ýaş tomaşaçylara multfilm görkezildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan ähli çagalara kitaplar sowgat edildi.