22-nji aprelde Türkmenabat şäherinde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly gurady. Şäheriň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy. Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.
ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz çykyşynda gündelik durmuşymyza daşky gurşawy goramak boýunça hereketlerini girizmegiň ähmiýetini belledi. Howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly global daşky gurşaw meselelerini agzap geçip, Ilçi Klimow her bir hereketiň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Ilçi Klimow şeýle hem zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemegiň we azaltmagyň möhümdigini belläp, her bir adamy has durnukly geljege goşant goşmak üçin bu işe goşulmaga çagyrdy.
Ilçi Klimow “Bu waka, planetamyzy goramagyň we tebigy baýlyklary goramagyň möhümdigini global derejede ýatladýar. Bu, daşky gurşaw bilen gatnaşygymyz hakda pikirlenip, ony hereketlerimiz bilen goramak jogapkärçiligini öz üstümize ýene-de bir gezek alyp biljek günümiz” -diýdi. “Ekofestiwalyň ruhunda, şu gün sizi daşky gurşawymyzy goramak üçin bir ädim almaga çagyrýaryn. Geliň, hemmämiz planetamyzy goramak we ony geljekki nesiller üçin sagdyn saklamak üçin öz işimizi ýerine ýetireliň!”.
Bu çäre ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenabat Amerikan burçy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraldy.