Mälim bolşy ýaly her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde tutuş ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy ulus ilimiz bilen Hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň toýly menzillerinde bellenilýän bu şanly baýramy bolsa özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu senede ýurdumyzyň ähli Atçylyk sport toplumlarynda, aýlawlarynda dürli bäsleşikler geçirilip baýramçylygyň şowhuny artýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, nepis halylarymyz, milli saz gurallarymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Behişdi bedewlerimiziň özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde behişdi bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, türkmeniň şan-şöhratyny älem-jahana ýaýýar. Türkmeniň köňül buýsanjy uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň hem çuň hakydanyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny görmek bolýar. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynyň dowamynda ençeme medeni we ruhy gymmatlyklary döredipdir. Bu gymmatlyklar milletimiziň tebigy zehininiň, aňyrdan gelýän medeniýetiniň, ylym-biliminiň dünýä ýaýylmasydyr. Dünýäde nepisligi we ussatlygy talap edýän zatlaryň hemmesi müňýyllyklaryň dowamynda döräp, asyrlardan-asyrlara kämilleşip, halkyň ruhuny, içki dünýäsini özüne siňdiripdir. Bedewiň keşbi türkmen halkynyň ganyna, süňňüne şeýle bir ornaşypdyr welin, ony wasp etmedik hiç bir şahyr, hiç bir dessançy bolmandyr. Bedew türkmeniň ýow gününde ýoldaşy, toýda syrdaşydyr.
Türkmeniň bedewe berýän bahasy, oňa öz durmuşynda aýyrýan orny başgadyr. Biziň milletimiz aty abraý, dereje, mertebe hasaplap, bedewsiz durmuşy göz öňüne getirip bilmändir. Öz gözelligi we ýyndamlygy bilen meşhur bolan ahalteke bedewlerini ýetişdirmek üçin halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen seýisçilik mekdebiniň uly ähmiýeti bardyr. Ahalteke bedewleri dünýäde gözellikde we ýakyn aralyga çapmakda ýyndamlygy bilen ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýärler.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, diýen hormatly atlary döretmek barada Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda atçylyk sportyny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, atlary ýetişdirmekde we olaryň syna gözelligini kämilleşdirmekde, türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde uly ähmiýeti bardyr. Türkmenler at çapyşyklarynyň janköýerleri bolup, atlaryň seýislenmegi bilen bagly ähli zatlara uly jogapkärçilik bilen seredipdir.
Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Ahalteke bedewiniň şanyna aýdylýan taryply sözler hem geçmişiň bize galdyran mirasydyr. Çünki bedewlerimiziň ylahydan berlen gudratdygyny duýanyňda, olary wasp edip, kalbyň joşýar, gursagyň guwançdan dolup, ýüregiň barha batly gürsüldeýär” diýip nygtaýar.
Ýene-de bellemeli zatlaryň biri-de ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ýaşlarda atçylyga bolan höwesi döretmekde, olaryň dünýädäki abraýyny has-da berkitmekde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň şanly wakasyna öwrülen Ahal welaýatynyň merkezi edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegidir.
Türkmeniň göz guwanjy, edebi milli mirasymyz bolan bedewlerimiziň şan-şöhratyny giň jahana ýaýýan Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çowdur Şyhyýew,
Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.