24-nji ap­rel­de Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Döw­let de­par­ta­men­tin­de Türk­me­nis­tan bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň do­ku­zyn­jy tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow, ame­ri­kan ta­ra­py­na bol­sa ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry­nyň kö­mek­çi­si­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Eli­za­bet Horst ýol­baş­çy­lyk et­di­ler.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn mas­la­hat­laş­ma­la­ryň bi­le­lik­dä­ki we­zi­pe­le­ri we ýe­ten üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­mak, şeý­le-de türk­men-ame­ri­kan hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin oňyn esas bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa we ABŞ üçin C5+1 for­ma­tyn­da­ky se­bit de­re­je­sin­dä­ki dip­lo­ma­tik dia­lo­gy gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Hu­su­san-da, howp­suz­lyk, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar, eko­lo­gi­ýa, me­de­ni­ýet, bi­lim we yn­san­per­wer me­se­le­ler iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Türk­me­nis­tan hem ABŞ me­de­ni we bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry­na iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ug­ry hök­mün­de yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar we bu ugur­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry do­wam et­dir­mek üçin esas bo­lup hyz­mat et­jek bi­lim pu­da­gyn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da­ky Äht­na­ma gol çek­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow we ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry­nyň kö­mek­çi­si­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji E.Horst 2024-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek iki­ta­rap­la­ýyn ge­ňeş­me­le­riň in­di­ki tap­gy­ry­ny Aş­ga­bat­da ge­çir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
Şeý­le hem 2023-nji ýy­lyň 24-nji ap­re­lin­de ABŞ-a iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow bi­len ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry En­to­ni Blin­ke­niň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Dip­lo­mat­lar iki­ta­rap­la­ýyn, se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi, Ow­ga­nys­tan­da­ky hä­zir­ki ýag­daý we ow­ga­na­ra gep­le­şik­le­ri ös­dür­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­lar Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we ABŞ-nyň ara­syn­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­me­gi­niň se­bit­de dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy sak­la­mak­ly­gyň mö­hüm fak­to­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şeý­le hem C5+1 for­mat­da hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di.
Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Smit­son ins­ti­tu­ty­nyň Azi­ýa sun­ga­ty mil­li mu­ze­ýi­niň mü­di­ri Çeýz Ro­bin­son bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar mu­zeý işi­ni ös­dür­mek, mi­ra­sy go­rap sak­la­mak, mu­zeý iş­gär­le­ri­niň bi­li­mi­ni we ola­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da türk­men mu­zeý eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.